Bir döwür internetiň iň köp girilýän saýty bolan “Yahoo”-ny eýesi ‘Verizon” satlyga çykardy. Kompaniýa “Yahoo” üçin 4,5 milliard dollar talap edýär. ABŞ-nyň “Verizon Communications” kompaniýasy iki ýyldan bäri mediýa pudagyndan aýrylmagyny dowam edýär. Kompaniýa “Yahoo”-ny 2017-nji 4,5 milliard dollara satyn alypdy. “Wall Street Journal” gazetiniň habaryna görä, “Verizon” AOL atly internet serwis proweýderini hem 4,4 milliard dollara satmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylyň “Yahoo”-nyň bazarynyň gyzan ýyly bolupdy. Şol ýyl “Microsoft” bu internet kompaniýasyny satyn almak üçin 45 milliard dollar teklip edipdi. “Yahoo”-nyň ýolbaşçylary bu mukdary az görüpdi. Şondan bäri “Yahoo”-nyň gymmaty ýylsaýyn azalýar. Telekommunikasiýa ulgamynda iş alyp barýan “Verizon” kompaniýasy ösüp barýan sanly mahabat pudagyndan peýdalanmak maksady bilen bu ugra maýa goýup gönükdiripdi. Emma bu ugurdaky üýtgeşmeler gaty çalt bolup geçýär. Birnäçe ýyl ozal diňe sanly reklama garaşly boljakdygy çaklanylýan mediýa kompaniýalary agzalyk, satuw we köpçülikleýin çärelerden her girdeji alýar.