— Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen demir ýol ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ençeme halkara başlangyçlar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.
— Şolaryň hatarynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesini agzamak bolar. Sebitiň iri taslamasy – Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm ulgam bolar.
— Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň esasy böleginiň biridir. Birinji tapgyrda bu taslamanyň demir ýoluň– Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat-Ymamnazar ýolunyň gurluşygy ýerine ýetirildi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina polat ýolunyň umumy uzynlygy 88 kilometre deňdir. Ymamnazar (Türkmenistan) we Akina (Owganystan) serhetýaka nokatlarynyň arasyndaky böleginiň uzynlygy 3 kilometre barabardyr.
— Şeýlelikde, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa demir ýol geçelgesiniň nobatdaky “altyn halkasyna”, ol bolsa, öz nobatynda, ägirt uly kontinentiň iki bölegini – Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.
— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň demir ýol ulgamy barha kuwwatlanýar. Bu ugurda amala aşyrylan halkara taslamalaryň hatarynda “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesiniň möhüm düzümi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly hem bar. Bu ýol Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna, beýleki tarapdan Gazagystanyň üsti bilen Ýewropa we Hytaýa çenli, Günbatar tarapda bolsa Baltika deňzine çenli aralykda demir ýollaryň kömegi bilen aragatnaşyk gurnamaklyk mümkinçiligini döretdi.
— Mundan başga-da Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen-Sarahs-Maşat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz, Türkmenabat-Atamyrat demir ýollary gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän dünýä inženerçilik ulgamynyň täsin desgasy Atamyrat-Kerkiçi demir ýoly guruldy, bu ugurda ýene-de bir ähmiýetli desga bolan Türkmenabat-Farap demir ýoluň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.
— Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary doly täzelendi, ýük wagonlarynyň, şol sanda ýüküni özi düşürýän dumkar-wagonlaryň, bitum daşamak üçin bunker-wagonlaryň, nebit, sement we beýleki zatlary daşamak üçin çelek wagonlaryň 1 müňden gowragy, ýolagçy otlular we teplowozlar üçin wagonlaryň köp sanlysy satyn alyndy.
— 2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Sarahs demir ýol menzili arkaly Eýrana synag konteýner otlusynyň ugrandygyny bellemelidiris. Bu otly Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan –Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy.