Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen Diýary sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde tanalýar. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary bu pudaklaryň ösüşini has-da çaltlandyrdy. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagy, täze halkara derejesindäki saglyk merkezleriniň yzygiderli gurulmagy, syýahatçylyk pudagynyň ähli ugurlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegi bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň nobatdaky subutnamasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere gysgaça ser salalyň:

 

SAGLYGY GORAÝYŞ PUDAGY

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan giň göw­rüm­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da soň­ky ýyl­lar­da döw­re­bap has­sa­ha­na­lar we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di we ola­ryň gu­rul­ma­gy do­wam et­di­ril­ýär. En­jam­laş­dy­ry­ly­şy we hyz­mat­la­ry­nyň köp­dür­lü­li­gi bi­len dün­ýä­niň şeý­le eda­ra­la­ryn­dan bir­jik-de pes­de dur­ma­ýan luk­man­çy­lyk we şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li kär­ha­na­lar gu­rul­ýar.

2009—2015-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da 43 des­ga gu­rul­dy, en­jam­laş­dy­ryl­dy we ulan­ma­ga be­ril­di.

Umu­man, 2015-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de 2 has­sa­ha­na, 16 sag­lyk öýi gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-durmuş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, oba ýer­le­rin­de 44 has­sa­ha­na­nyň, 72 sag­lyk öý­le­ri­niň we mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

2014-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li we Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­kez­li has­sa­ha­na ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le mer­kez­ler Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da hem açyl­dy.

2016-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da tä­ze luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry — Mor­fo­lo­gi­ýa mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Aý­ra­tyn howp­ly ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­ke­zi hem-de Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş gul­lu­gy­nyň tej­ri­be-önüm­çi­lik we azyk mer­ke­zi ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu eda­ra­la­ryň hem­me­si ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we yl­myň ga­za­nan­la­ry­nyň esa­syn­da gu­rul­dy.

Tä­ze luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça nä­sag­ly­gyň dur­nuk­ly pe­sel­ýän­di­gi ha­sa­ba alyn­ýar.

Ça­ga dog­ma­gy­nyň ösü­şin­de-de şeý­le oňyn ýag­daý­lar ha­sa­ba alyn­dy. 2009-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da 129,9 müň ça­ga dog­lan bol­sa, 2014-nji ýyl­da ola­ryň sa­ny 22,8 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 168,3 mü­ňe ba­ra­bar bol­dy.

Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry “Sie­mens Me­dical Sys­tems AG”, “Fre­se­ni­us Me­dical Care GmbH”, “Drae­ger Me­dical”, “Ko­dak Pen­tax”, “Tos­hi­ba”, “Olym­pus”, “Alo­ka”, “Fu­ji­non”, “B.Braun Aesculap”, “Leica Micro­sys­tems”, “Sam­sung”, “Me­di­ap­rog­ress”, “BTL”, “Karl Stroz”, “Hu­man GBBH”, “Ot­to Bokk” we beý­le­ki­ler ýa­ly, dün­ýä meş­hur ön­dü­ri­ji­le­riň en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar.
Türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik dün­ýä­si­niň der­man­lyk ot­la­ryn­dan we ösüm­lik­le­rin­den der­man ön­dür­ýän kär­ha­na­lar açyl­dy. 2014-nji ýyl­da Je­bel­de be­je­ri­ji pal­çyk­la­ry we de­ňiz duz­la­ry­ny gap­laý­jy za­wod, Be­re­ket­de ýod ön­dü­ri­ji kär­ha­na, Da­şo­guz­da aras­sa sar­gy se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan kär­ha­na, “Ber­zeň­ňi” mi­ne­ral suw ön­dür­ýän kär­ha­na we Aşgabat şäheriniň Aba­dan etrabynda zy­ýan­syz­lan­dy­ryş er­gin­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wod işe gi­ri­zil­di.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my bo­ýun­ça me­se­le­le­ri çöz­mek­de ýur­du­myz­da bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­riň ara­dan aý­ry­lan­dy­gy ba­ra­da­ky hal­ka­ra res­mi­na­ma­lar Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­le­ri­niň gür­rüň­siz yk­rar edil­me­gi­dir. Türk­me­nis­tan gök­bog­ma, ys­maz, gyz­zyr­ma, gy­za­myk, gy­zyl­ja ke­sel­le­rin­den azat ýurt diý­lip yg­lan edil­di. Ýur­du­myz­da un de­mir we fo­liý kis­lo­ta­sy bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar.

Meş­hur türk­men şy­pa­ha­na­la­ry Baý­ra­ma­ly, Ber­zeň­ňi, Mol­la­ga­ra, Da­şo­guz, Arç­man, şeý­le hem Ýy­ly suw we Fa­rap şy­pa­ha­na­la­ry düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy.

Şy­pa­ha­na­lar­da­ky orun­la­ryň sa­ny 2015-nji ýyl­da 3 müň 266 ýe­re ba­ra­bar bol­dy. Bu bol­sa 2011-nji ýyl­da­ky­dan 1 müň 75 orun köp­dür.

 

SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNYŇ ÖSÜŞLERI

Ýur­du­my­zyň te­bi­gy aja­ýyp­lyk­la­ry, onuň kö­pu­gur­ly sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri, türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy Türk­me­nis­ta­nyň meş­hur hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy sy­ýa­hat­çy­lyk we ta­ry­hy-me­de­ni des­ga­la­ryn­da ja­han­keş­de­li­gi söý­ýän­ler üçin gy­zyk­ly ugur­lar üp­jün edil­ýär. Ýur­du­myz­da «Awa­za» Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy, meş­hur şy­pa­ha­na­lar bi­len bir­lik­de, Nu­sa­ýyň, De­his­ta­nyň, Kö­ne­ür­gen­jiň, Köý­ten­da­gyň, Ga­dy­my Mer­wiň ýa­dy­gär­lik­le­rin­den baş­lap, äh­mi­ýet­li sy­ýa­hat­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ne baý bo­lan tä­sin ýer­ler bar.
2016-njy ýy­lyň ýan­war-maý aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň döw­let we hu­su­sy sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ryn­da 21360 ada­ma içer­ki ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Mu­nuň özi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 7 müň adam ar­tyk­dyr.
De­ňiz sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň gel­je­gi uly ha­sap­la­nyl­ýar. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na goň­şy ýurt­lar­dan sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­mek bo­ýun­ça ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Hu­su­san-da, Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça Türk­men­ba­şy­dan Azer­baý­ja­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň de­ňiz men­zil­le­ri­ne aw­to-ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­niň gat­na­dyl­ma­gy bu iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan «Awa­za» tas­la­ma­sy gel­jek­ki on­ýyl­lyk­lar üçin ýur­duň stra­te­gi­ki me­ýil­na­ma­syn­da aý­ra­tyn or­ny tut­ýar, şo­nuň üçin ol dün­ýä ar­hi­tek­tu­ra­sy­nyň we in­že­ner-teh­ni­ki pi­kir­le­ri­niň iň öň­de­ba­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­ni, dö­re­di­ji­lik ide­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýär.
2009-njy ýy­lyň iýu­nyn­da Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da «Awa­za» Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan il­kin­ji bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Şon­dan bä­ri, go­ja­man Ha­za­ryň bu kün­je­gi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di.
Or­ta Azi­ýa­nyň şy­pa­ha­na mer­je­ni bo­lan «Awa­za» Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da hä­zir­ki wagt­da ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­ha­na­lar, ça­ga­lar sa­gal­dyş top­lum­la­ry, kot­tež­ler şä­her­jik­le­ri, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, se­ýil­gäh-şü­we­leň top­lum­la­ry üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de Awa­za­da dynç al­ýan adam­la­ryň bir­ba­da 8,5 mü­ňü­si­ni ka­bul et­mä­ge ukyp­ly myh­man­ha­na dü­zü­mi he­re­ket ed­ýär. Bu ug­ra de­giş­li des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­nyň bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, ola­ryň kö­pü­si­niň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni ha­sa­ba ala­nyň­da, Awa­za­da bir­ba­da 10 mü­ňe go­laý ada­myň dynç alyp bil­mek müm­kin­çi­li­gi­niň dö­re­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­me­li.
Ýa­kyn gel­jek­de Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň we ýo­ka­ry amat­lyk­ly wil­la­la­ryň on­lar­ça­sy peý­da bo­lar. Hä­zir bu ýer­de se­bit­de iri Dynç alyş we güý­men­je­ler mer­ke­zi bi­na edil­ýär. Onuň iki sa­ny—açyk we ýa­pyk Ak­wa­park­la­ry, Okea­na­riu­my, aw­tod­ro­my, daý­wing mek­de­bi, sport, öw­re­niş we dynç alyş att­rak­si­on­la­ry bo­lar. syyahatcylyk-pudagynyn-osusleri