Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Ýewraziýanyň hökümetara geňeşi—Ýewraziýa ykdysady geňeşiň (ÝYG) ýolbaşçy edaralarynyň biri bolup, sebitde ykdysady goşulyşmagyň halkara guramasy bolup durýar. Ol halkara hukuk subýektiwligine eýe bolup, 2015-nji ýylda güýje giren degişli Şertnama bilen esaslandyryldy.
ÝYG-niň düzümine Russiýa Federasiýasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy girýär. Moldowa Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Kuba Respublikasy synçylaryň derejesine eýedir. Şeýle hem ÝYG-niň agza-döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolagy döredilýär.
Ýewraziýanyň hökümetara geňeşi Hökümet baştutanlarynyň derejesinde hereket edýär. Onuň mejlislerinde geljegi nazarlaýan ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy wezipelerine we ugurlaryna seredilýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa, uzak möhletli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän şanly wakadyr.
Bu Ýewraziýa giňişliginde GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady geňeşi ýaly döwletara guramalary bilen ýakyn gatnaşyklar babatda Türkmenistanyň alyp barýan ugruna hem kybap gelýär. Biziň ýurdumyzyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hyzmatdaşlaryna teklip etmäge ugurlary az däl. Türkmenistanda ulag-logistika düzümi sazlaşykly ösýär, döwrebap awtomobil ýollary, köprüleri guruldy, Hazar deňziniň boýunda geçirijilik ukyby bir ýylda ýük dolanyşygynyň 25 million tonnasyna deň bolan täze Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bina edildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, demir ýollary, optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de günorta ugurda, goňşy döwletlere elektrik geçiriji ulgamlary işe girizildi. Ýangyç we çalgy ýaglaryny öndürýän iri kärhanalar guruldy.
Şeýle hem pandemiýa garamazdan, geçen ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 5,9 göterime deň boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetiň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda döredilen döwrebap kanunçylyk binýady daşary ýurtly işewürlere özlerini türkmen topragynda ynamly we oňaýly duýmagyna mümkinçlik berýär.