3-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.
Möhüm taryhy senä – eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlanyp geçirilýän bu forum berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini ýene bir gezek belledi.
Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.
“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyşy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlanylan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlary, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologiki goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata gatnaşyjylar göni ýaýlymda sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Halkara forumy ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berer.
Umumy mejlisde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler.
Çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ägirt uly ösüş gazanandygy bellenildi, türkmen alymlarynyň ylmy ugurda gazananlary muňa şaýatlyk edýär, olar ykdysadyýetiň köp ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy alyşmalary işjeňleşdirmegiň, beýleki döwletleriň ylmy edaralary, uniwersitetleri hem-de iri bilim merkezleri bilen innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýän ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyldy.
Ählumumy häsiýete eýe bolan innowasiýa işleri dünýä bileleşigini ösüşiň täze, has ýokary derejesine çykardy. Innowasiýa işleri öz gözbaşyny ylmyň aýry-aýry pudaklaryndan alýar hem-de önümçilikde dowam edip, oňyn özgertmelere getirýär. Biziň günlerimizde innowasiýalar kimdir biriniň islegi bolmak bilen çäklenmän, adamzadyň öňe gitmegi, bäsdeşlige ukyplylygy saklamak hem-de geljekde ösmek üçin zerurlykdyr diýip, çykyş edenler bellediler.
Şu gün halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet – ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde dowam eder. Bölümleriň mejlisleri Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.