«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň giňden dabaralanýan döwründe 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni giňden bellenilýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Ýe­ňiş gü­ni – bu pa­ra­hat­çy­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge we dö­re­di­ji­li­ge bo­lan be­ýik gy­zyk­lan­ma­la­ry äş­gär ed­ýän aý­ra­tyn se­ne­dir. Türk­men hal­ky ýaş ne­sil­le­riň ter­bi­ýe­sin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän bu baý­ra­my has-da da­ba­ra­lan­dyr­ýar.
1941-1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň baý­ram edil­me­gi her bir türk­men ra­ýa­ty üçin şat­lyk­ly wa­ka­dyr. Ýeňşiň gazanylmagy üçin beý­le­ki mil­let­ler bi­len bir ha­tar­da, türk­men ýi­git­le­ri hem hal­ky­my­za mah­sus bo­lan mert­lik, gaý­duw­syz­lyk bi­len sö­we­şip, gah­ry­man­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň gah­ry­man­çy­lyk­la­ry ýur­du­my­za ab­raý, de­re­je, mer­te­be ge­ti­ren mert­lik­ler­den ny­şan­dyr. Hut şo­nuň üçin-de, bu uruş­da gör­ke­zi­len gah­ry­man­çy­lyk, eder­men­lik mil­le­tiň ha­ky­da­syn­da ba­ky orun tut­dy. Bu al­dym-ber­dim­li sö­weş­ler­de ja­ny­ny gur­ban eden ýüz müň­ler­çe türk­me­nis­tan­ly­nyň hor­ma­ty­ny be­lent tut­mak, uruş we­te­ran­la­ry­ny sar­pa­la­mak ba­bat­da mil­li Lideri­miz ta­ra­pyn­dan taý­syz ta­gal­la­ edil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bol­sa, ýurt­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan de­re­je­li iş­le­riň top­lu­my hem do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.

Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň bi­na edil­me­gi, şol ýer­de «ba­ky oduň» alaw­lap dur­ma­gy, ýur­du­myz­da uruş we­te­ran­la­ry ha­kyn­da döw­let de­re­je­sin­de yzy­gi­der­li ala­da edil­me­gi, ola­ryň pen­si­ýa­la­ry­nyň do­wam­ly kö­pel­dil­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy bi­ziň ýur­du­myz­da Wa­tan ger­çek­le­ri­ne be­ril­ýän üns-ala­da­nyň döw­let de­re­je­sin­de­di­gin­den ha­bar ber­ýär.
Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gel­jek­ki ne­sil­le­riň bag­ty­ýar dur­mu­şy üçin şi­rin ja­ny­ny gur­ban eden ger­çek­le­ri­miz, sag-aman ata Wa­ta­ny­my­za do­la­nyp ge­len we hä­zir hem ara­myz­da ýa­şap ýö­ren mer­da­na uruş we­te­ran­la­ry­myz, ur­şa gi­den­le­riň yzyn­da ga­lyp, ojak­la­ry­ny göz­le­ri­niň gö­re­ji de­ýin sak­lan ak saç­ly ene­le­ri­miz, bi­ziň üçin gah­ry­man­çy­ly­gyň, mert­li­giň, we­pa­dar­ly­gyň öl­mez-ýit­mez mek­de­bi­dir. Gah­ry­man­laryň ady ebe­di ýa­şap, ne­sil­le­re ba­tyr­ly­gyň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň be­ýik nus­ga­sy­ny peş­geş ber­ýär.
Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­nylan ýeňişde türk­men hal­ky­nyň hem bi­ti­ren hyz­ma­ty ulu­dyr. Uruş ýyl­la­ryn­da tyl­da ga­lan ýur­du­my­zyň ila­ty, gar­ry­lar­dyr ge­lin-gyz­lar we ýet­gin­jek­ler gi­je-gün­diz gaý­rat­ly zäh­met çe­kip, bol gal­la we pag­ta ön­dür­di­ler. Fron­ta ze­rur bo­lan önüm­le­ri, egin-eşik we azyk ibe­rip, şan­ly Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na uly go­şant goş­du­lar. Go­ran­mak gaz­na­sy­na al­tyn-kü­müş şaý-sep­le­ri­niň 7392 ki­log­ra­my­ny tab­şy­ryp, yn­san­per­wer­li­giň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Uruş döw­rün­de çe­per el­li ge­lin-gyz­la­ry­myz aja­ýyp sun­gat ese­ri­ne öw­rü­len «Türk­me­niň kal­by» at­ly ägirt uly ha­ly­ny hem do­ka­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len uruş we­te­ran­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da tä­ze gur­lan we dur­ky tä­ze­le­nen dynç alyş öý­le­rin­de, şy­pa­ha­na­lar­da, has­sa­ha­na­lar­da uruş we zäh­met we­te­ran­la­ry­my­za ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Ge­çen ýyl­ky Be­ýik Ýeň­şiň 75 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de eder­men we gaý­duw­syz es­ger Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň sö­we­şen 206-njy aty­jy­lyk di­wi­zi­ýa­sy­nyň 748-nji aty­jy­lyk pol­ku­nyň sö­weş­jeň baý­da­gy­nyň ýur­du­my­za he­mi­şe­lik gow­şu­ryl­ma­gy hem türk­men es­ger­le­ri­niň Be­ýik Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gyn­da gör­ke­zen eder­men­li­gin­den nus­ga­dyr.
Bu el­henç uruş­dan soň nä­çe ýyl­lar geç­se-de, Wa­tan üçin şi­rin ja­ny­ny or­ta go­ýan­la­ryň sö­weş eder­men­li­gi, ola­ryň yzyn­da maş­ga­la oja­gy­ny sak­lap ga­lan ze­nan­la­ryň zäh­met eder­men­li­gi hiç ha­çan unu­dyl­ma­ýar.

Ha­tam ÇA­RY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.