Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Hy­ta­ýyň «Bai­du» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy söw­da mak­sat­ly sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­dy. Tä­ze hyz­ma­tyň ýur­duň paý­tag­ty Pe­ki­niň Şou­gang se­na­gat par­kyn­da «Ro­bo­taxi» ady bi­len ýo­la goý­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu hyz­mat­dan peý­da­lan­mak is­le­ýän­ler «Apol­lo Go» at­ly mo­bil prog­ram­ma­ny te­le­fo­nu­na ýük­läp al­ma­ly. Ula­ny­jy bu prog­ram­ma­dan peý­da­la­nyp tak­si­ni ça­gyr­ýar. Te­le­fo­na ibe­ri­len kod kwad­rat bol­sa ge­len tak­si­niň ga­py­sy­ny aç­ma­ga ýar­dam ed­ýär. 3 ki­lo­metr­lik ara­lyk­da hyz­mat ed­ýän tak­si­niň bir ge­zek­lik ýol nyr­hy 30 ýu­an. Hä­zir­lik­çe 10 ulag ýo­lag­çy­la­ry 8 sa­ny bel­le­nen no­ka­da äki­dil­ýär. «Bai­du» bu hyz­ma­tyň gel­jek­de ýur­duň beý­le­ki şä­her­le­rin­de hem ýo­la go­ýul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri, sü­rü­ji­siz ulag­la­ry sy­nag­dan ge­çir­ýän «Bai­du» sü­rü­ji­siz ulag par­kyn­da 500 ulag bar. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­dan bä­ri Pe­ki­niň üç se­bi­tin­de sy­nag iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýar. Ýurt­da «Bai­du»-dan baş­ga-da öz ula­gyň bi­len tak­si­çi­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýän «Di­di» kom­pa­ni­ýa­sy hem sü­rü­ji­siz ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar.

Ýu­sup HAL­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.