Eliňizi ýygy-ýygydan suw we sabyn bilen ýuwuň!
Daşarda wagtyňyz eliňizi, ýüzüňizi ellemäň!
Desmal, darak ýaly şahsy arassaçylyga degişli zatlary bilelikde ulanmaň!
Wagtly-wagtynda kadaly iýip-içmäge üns beriň!
Üsgürip-asgyrylanda agzyňyzy elýaglyk bilen ýapyň!
Öý we iş otaglaryny ýelejiredip duruň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň!
Ulanan agyz-burun örtükleriňizi çalşanyňyzdan soň, eliňizi mazaly ýuwuň!
Eger örtük çyg bolan bolsa, onda ony täzeläň!
Örtük dakynanyňyzda, burnuňyzy we agzyňyzy ykjam ýapyň!
Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!
Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmaň!
Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmäň!
Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwuny we howpsuz iýmit önümlerini ulanyň!
Köpçülik ýerlerinde howpsuz aralygy saklamaga üns beriň!
PDF








