In­do­ne­zi­ýa­da de­ňiz su­wu­nyň ýy­la­ma­gy ne­ti­je­sin­de ze­per ýe­ten mer­jen rif­le­ri­niň 40 müň ine­dör­dül ki­lo­metr­lik bö­le­gi gaý­ta­dan di­kel­dil­di. Ne­ti­je­de, bu ýer­de mer­jen­le­riň eme­le ge­tir­ýän gat­la­gy 5 gö­te­rim­den 55 gö­te­ri­me ýet­di. Şol ýer­de ozal­dan ýa­şa­ýan kit­ler we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry gaý­ta­dan yzy­na gel­di. Ýur­duň Sper­mond ada­la­ryn­da (120 tö­we­re­gi ada­ny öz içi­ne al­ýar) «mer­jen ýyl­dyz­la­ry» at­ly usul­dan peý­da­la­nyl­dy. Oňa «She­ba» kom­pa­ni­ýa­sy hem-de «The Na­tu­re Con­servancy» eda­ra­sy gol­daw ber­di. Ýer­li ma­te­ri­al­lar­dan, çä­ge­den we po­lat­dan ýa­sa­lan hal­ka deň­ziň düý­bü­ne ber­ki­dil­ýär. Bu bol­sa, mer­jen­le­riň we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ýa­şa­mak­la­ry üçin şert dö­red­ýär. «Ho­pe» at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de bu işiň do­wam et­di­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. 2029-njy ýy­la çen­li Awst­ra­li­ýa­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky Uly bar­ýer ri­fin­dä­ki mer­jen rif­le­ri­niň 185 müň ine­dör­dül metr­lik ýe­ri gaý­ta­dan di­kel­di­ler. Ang­li­ýa­nyň Ek­se­ter uni­wer­si­te­tin­de iş­le­ýän de­ňiz bio­lo­gy, dok­tor Tim Gor­don «Mer­jen ýyl­dyz­la­ryň» ki­çi de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň tol­kun se­bäp­li he­läk bol­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, ola­ryň ýa­şa­ma­gy üçin oňaý­ly şert dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Tas­la­ma­nyň 13 ýyl­dan bä­ri taý­ýar­lan­ýan­dy­gy, mu­nuň üçin dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky hü­när­men­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edil­ýän­di­gi mä­lim edil­di.
Bu usul Uly bar­ýer ri­fin­dä­ki iki rif­de hem ula­ny­lyp­dyr. Dün­ýä­niň ýe­di te­bi­gy tä­sin­li­gi­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Uly bar­ýer ri­fi bir-bi­rin­den aý­ra­tyn 2 müň 900 rif­den we 900 ada­dan eme­le gel­ýär. 344 müň 400 ine­dör­dül ki­lo­met­ri öz içi­ne al­ýan ul­gam­da ba­ly­gyň 1 müň 625, ki­tiň we del­fi­niň 30 gör­nü­şi bi­len bir ha­tar­da mil­li­on­lar­ça de­ňiz jan­da­ry ýa­şa­ýar.

Söh­bet Guş­ly­ýew,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mugallymy.