Adam gu­la­gyn­dan ig­lär

Ig­le­mek – syr­kaw­la­mak, ke­sel ze­rar­ly tap­dan düş­mek, aşa hor­lan­mak.
Her bir na­kyl­da bol­şy ýa­ly, bu na­kyl­da hem dur­muş ha­ky­ka­tyn­dan ugur alyn­ýar.
Beý­ni adam be­de­ni­niň ýa­şaý­şyn­da, be­de­niň he­re­ke­te gel­me­gin­de esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Bi­ze eşi­dil­ýän her bir ses hem şol nerw ul­ga­my­na ýi­ti tä­sir ed­ýär. Çün­ki beý­ni­den gu­la­ga gö­nü­den-gö­ni bar­ýan damar bar. Beý­ni­den gaý­dan nerw da­mar­la­ry be­de­niň äh­li ag­za­la­ry bi­len ba­daş­ýar. Adam be­de­nin­de nerw ul­ga­my bi­len bag­la­ny­şyk­syz hiç hi­li ag­za ýok­dur. Şo­nuň üçin eşi­diş ul­ga­my ar­ka­ly beý­nä ýe­ti­ri­len ýa­ra­maz tä­sir äh­li nerw ul­ga­my­nyň işi­ne hem şi­kes ýe­ti­rip bi­ler.
Pes­saý, ho­şa­maý saz diň­lä­ni­miz­de ra­hat­la­nma­gy­myz ýa-da aşa güýç­li, zarp­ly se­siň tä­si­rin­de agyr ýag­da­ýa düş­me­gi­miz ýö­ne ýer­den däl­dir. Güýç­li ses eşi­di­len­de özü­miz hem bil­mez­den gu­la­gy­my­zy ýap­ma­gy­myz şu ýag­daý bi­len bag­ly­dyr.
Bu na­kyl hem şu ha­ky­kat­dan ugur al­ýar. Ýö­ne na­kyl­la­ra göç­me ma­ny­ly­lyk mah­susdyr.
Bu na­kyl­da göç­me ma­ny­da sö­züň ada­ma tä­si­ri ba­ra­da aý­dyl­ýar. Igenç, haý­bat, pa­ýyş söz­ler, ýa­ra­maz ha­bar­lar ada­my er­bet ýag­da­ýa sal­ýar. Söz­le­ýiş jem­gy­ýet bi­len gat­na­şyk­da-da aý­ra­tyn üns be­ril­me­li esa­sy me­se­le­dir. Ýa­ra­maz söz­le­ri eşi­den, ça­ga bol­sun, uly ýaş­ly adam bol­sun par­hy ýok, ýa­ra­maz tä­sir­le­re se­ze­war bol­ýar. Bu hem nerw ul­ga­my­na tä­sir edip, be­de­ni güýç­den ga­çyr­ýar. Şeý­le­lik bi­len ke­sel – ig­le­mek ýü­ze çyk­ýar.
Hoş­söz­lü­li­giň has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ede­bi eser­le­riň äh­li­sin­de di­ýen ýa­ly ün­del­me­gi ýö­ne ýer­den däl­dir. Onuň hem ah­lak, hem sag­lyk ta­rap­la­ry bar.
Aý­dan sö­zü­mi­zi di­ňe bir söh­bet­de­şi­miz eşit­me­ýär, ony özü­miz hem eşid­ýä­ris. Diý­mek, şol bir tä­sir äh­li­mi­ze deň ýet­ýän­dir.
Ça­ga­lar, adam gu­la­gyn­dan ig­lär, şo­nuň üçin el­my­da­ma hoş­söz­li bol­ma­ga çal­şyň!