Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

UEFA-nyň klub derejesindäki iki bäsleşiginde finala çykanlaryň belli bolmagyndan soň, milli çempionatlaryň täze reýtingi mälim edildi. Finala çykan 4 toparyň üçüsiniň iňlis kluby bolmagy “Premier Liganyň” utugyny artdyrdy. Şeýlelikde, Angliýanyň “Premier Liga” 9 ýyldan soň sanawdan birinji orna çykdy. Iňlis klublary entek doly tamamlanmadyk şu möwsümde 23,928 utuk toplap, ispan klublarynyň 2015/16 möwsüminde gazanan rekordyna şärik boldy. Final oýunlaryndan soň utugyň has-da artjakdygyny belläliň. Angliýanyň “Premier ligasy” soňky gezek 2007/08 möwsüminden 2011/12 möwsümine çenli birinji orny eýeläpdi.

Häzirki wagtda sanawda 9 ýyllap liderligi özünde saklan Ispaniýanyň “La Ligasy” 2-nji orna düşdi. Italiýanyň “A-Seriýasy” 3-nji ýere çykyp, Germaniýanyň “Bundesligasy” 4-nji basgançaga geçdi. 5-6-njy basgançaklardaky “Ligue 1” (Fransiýa) bilen “Primeira Liga” (Portugaliýa) orunlaryny saklady. Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisie” 3 basgançak beýgelip, 10-njy ýerden 7-nji orna çykdy.