2016-njy ýylda Ýerden 286 million kilometr uzaklykdaky “Bennu” atly asteroide iberilen kosmos gämisiniň yzyna gaýdandygy habar berildi. NASA-nyň taýýarlan “Osiris-Rex” atly enjamy iki ýylda planetamyza gelip ýeter. Gämi aýlawly ýol bilen gelýändigi sebäpli 2,3 milliard kilometr ýol geçmeli bolar. NASA kosmos gämisiniň asman jisiminden nusgalyk alandygyny we motorlarynyň üstünlikli ýagdaýda otlanandygyny mälim etdi. Kosmos gämisi 2018-nji ýylda asteroide baryp ýetipdi. Gämi Ýere ýetmek üçin Günüň daşyndan iki aýlaw etmeli bolar. Ululygy ýeňil awtoulagyňka barabar bolan “Osirix-Rex” 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Ýere geler. Astronomlar geçen ýyl “Bennu”-dan getiriljek, agramy 200-400 grama barabar bolan toprak nusgasyndaky alamatlardan Gün ulgamy we Ýerde ýaşaýşyň başlan wagty barada maglumat alyp boljakdygyny mälim edipdiler.