Ho­wa men­zil­le­ri sy­ýa­ha­tyň baş­lan­ýan ýer­i ha­sap­lan­ýar. Köp adam bu ýer­de uzak ýo­la bar­ýan hos­sar­la­ry­ny ug­rad­ýan bol­sa, kö­pü­si alys­dan ge­len ýa­ky­ny­ny gar­şy al­mak üçin gel­ýär. Uzak ýo­la git­mek kyn ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, ae­ro­port­lar öz myh­man­la­ry­nyň ra­hat wagt ge­çir­mek­le­ri üçin dür­li şert­le­ri hö­dür­le­ýär. Gazetimiziň şu sanynda ýo­lag­çy­la­ry­na dür­li ra­hat­ly­gy hö­dür­le­ýän tä­sin ho­wa men­zil­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik:
Aş­ga­badyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li: des­ga­nyň kök­le­ri ýaý­ran ja­dy­ly agaç­la­ra meň­zeş sü­tün­le­ri, tol­kun gör­nüş­li be­ýik güm­me­zi, pal­ma­lar, gül­ler, be­zeg pan­no­la­ry we beý­le­ki gy­zyk­ly di­zaý­ner çöz­güt­le­ri er­te­ki­ler­dä­ki aja­ýyp ba­gy ýat­lad­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa­da örän iri we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bi­ri bo­lan bu ho­wa men­zi­li 1200 gek­ta­ra go­laý meý­da­ny eýe­le­ýär we 100-den gow­rak des­ga­ny öz içi­ne al­ýar. Şo­la­ryň 48-si esa­sy des­ga­lar­dyr. 5 gat­ly baş ter­mi­na­lyň tut­ýan meý­da­ny 190 müň ine­dör­dül metr­den hem geç­ýär. Uçar­la­ryň he­re­ke­ti­ni gu­ra­mak we do­lan­dyr­mak, ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat et­mek, ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da el goş­la­ry­ny hem-de ýük­le­ri iş­läp ge­çir­mek, hyz­mat­la­ryň tu­tuş top­lu­my­ny gu­ra­mak ul­gam­la­ryn­da howp­suz­lyk ka­da­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me ama­la aşy­ryl­ýar. Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li sa­gat­da 1600 ýolagça hyz­mat et­mä­ge ukyp­ly­dyr.
Sin­ga­pur Çan­gi aeroporty: şä­her döw­le­ti­niň ýe­ke-täk ho­wa men­zili ke­be­lek­li ba­gy we al­tyn ba­lyk­ly how­zy bi­len ta­nal­ýar. Aras­sa­ly­gy, ýo­lag­çy­la­ra hö­dür­len­ýän hyz­mat­lar, söw­da et­mek üçin dö­re­di­len şert­ler, ýük­le­ri al­mak üçin kä­mil ul­gam we wag­ty­ňy­zy gy­zyk­ly ge­çir­mek üçin dö­re­di­len hyz­mat­lar ho­wa men­zi­li­niň myh­man­la­ryn­da ho­şal­lyk duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär. Üs­ti aý­na bi­len ör­tü­len güm­mez gör­nüş­li bi­na­nyň için­dä­ki köp gat­ly bag­lar, ösüm­lik­ler­den dö­re­di­len la­bi­rint, ça­ga­lar üçin oýun meý­dan­ça­la­ry, okal­ga za­ly we beý­le­ki hyz­mat­lar sy­ýa­hat­çy­la­ry geň gal­dyr­ýar. Bu ýer­den 106 sa­ny awia­kom­pa­ni­ýa­nyň uçar­la­ry dün­ýä­niň 250 şä­he­ri­ne ho­wa gat­naw­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Ho­wa men­zi­li ýyl­da 53 mil­li­on­dan gow­rak ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär.
Se­ul Inçhon aeroporty: Ko­re­ýa Respublikasy­nyň paý­tag­tyn­da­ky bu ae­ro­port owa­dan­ly­gy ba­bat­da dün­ýä­niň iň meş­hur ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Her ýyl 42 mil­li­on tö­we­re­gi ýo­lag­çy­la­ry ka­bul ed­ýän ae­ro­port, tak­my­nan, 47,5 ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýär. Bu ýer­den geç­ýän ýo­lag­çy­lar ham­mam, mas­saž, ýa­tak jaý ýa­ly bir­nä­çe hyz­mat­dan mugt peý­da­lan­ýar­lar. Paý­tagt Seu­lyň mer­ke­zin­den 70 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­ýän ae­ro­port­da ýy­lyň do­wa­myn­da he­re­ket ed­ýän buz meý­dan­ça­sy, 18 çu­kur­jyk­ly golf meý­dan­ça­sy ýerleşýär, şeý­le hem ko­reý se­net­çi­li­gi, aý­dym-sa­zy bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän me­de­ni­ýet mer­ke­zi bar. Ýo­lag­çy­la­ryň res­mi iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek we üs­ta­şyr geçýän ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat et­mek bo­ýun­ça dün­ýä­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýän Inç­hon şä­he­rin­de ke­nar­ýa­ka­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de iki ada­nyň bir­leş­di­ril­me­gi bi­len gi­ňel­di­len ada­nyň üs­tünde gur­lup­dyr.
Gon­kong aeroporty: ge­çen ýyl 59,9 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat eden, 280 dü­ka­ny bo­lan ho­wa men­zi­li söw­da ug­ry bo­ýun­ça üçün­ji or­ny eýe­le­ýär. «Skyt­rax»-yň (ae­ro­port­la­ra ba­ha ber­ýän kom­pa­ni­ýa) 5 ýyl­dyz bi­len ba­ha be­ren Gon­kong ho­wa men­zi­li dür­li ugur­lar­da öňe saý­lan­yp, iň go­wy iý­mit hö­dür­le­ýän ho­wa men­zil­le­ri­niň ara­syn­da bi­rin­ji bol­dy.
Shi­phol Ams­ter­dam aeroporty: ýyl­da 60 mil­lio­na go­laý ýo­lag­çy­ny ka­bul ed­ýän ho­wa men­zi­li ki­tap­ha­na­sy, mu­ze­ýi, dü­kan­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty­nyň hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­dä­ki mu­zeý­de sun­ga­tyň we bi­li­miň ta­ry­hy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­ril­ýär.