Ada­myň ýat­keş bol­ma­gy oňa te­bi­gy taý­dan ber­len ze­hi­niň par­ça­sy­dyr. «Bir ge­zek oka­nym­da ýa­dym­da gal­ýar» di­ýip, en­çe­me bent goş­gy­ny ýat­dan aý­dyp bil­ýän adam­la­ra, dog­ru­dan-da, aý­dy­ly­şy ýa­ly, tel­pek goý­ýar­syň. Bir goş­gy­ny kän ge­zek ýat­dan aý­dyp gö­rüp, öz ýat­keş­li­gi­ňi bar­lap gör­mä­ge sy­na­nyş­ýar­syň. Şon­da es­li sa­par­ky gaý­ta­la­ma­lar­dan so­ňam kürt­dü­rip dur­ma­gyň se­niň ýat­keş­li­giň ýa­by­gor­lu­dy­gy­ny, ýag­ny bi­raz pes­räk­di­gi­ni aýan edip be­räý­ýär.
Dur­muş­da, dog­ru­dan-da, te­bi­gy ýat­keş adam­lar bol­ýar. Olar maş­ga­la­syn­da­ky, hat­da iş ýe­rin­dä­ki adam­la­ryň dog­lan gün­le­ri­nini hem do­ly ýat­dan bil­ýär­ler. Ýat­keş­lik­de­nem daş­ga­ry, aňy­ňa ýa­zýan kä­bir zat­lary ömür­lik ýa­dyň­da gal­ýar. Şo­nuň üçi­nem, biz kä­te haý­sy­dyr bir za­dy göz öňün­de tu­tup, «Men ony gi­je tu­ru­zyp so­ra­sa­lar hem aý­dyp bil­jek» diý­mek bi­len, onuň aňy­my­za my­da­ma­lyk ýa­zy­lan­dy­gy­ny aýd­ýa­rys.
Ýat­keş­lik, esasan hem, sy­nag­lar­dan üs­tün­lik­li geç­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem, ol sah­na us­sat­la­ry­na üs­tün­lik ge­tir­ýän zat­la­ryň bi­ri­dir. Se­bä­bi aý­dym­çy sa­zyň, şeý­le hem, fo­nog­ram­ma­nyň kö­me­gi bi­len ýa­dyn­dan çy­ka­ran sö­zü­ni baş­ga söz bi­len çal­şyp hem bi­ler. Ýö­ne sah­na­da akt­ýo­ryň aýt­ma­ly sö­zü­ni ýat­dan çy­kar­ma­gy ony kyn ýag­da­ýa sa­lyp bi­ler. Se­bä­bi ar­tis­tiň ag­zyn­dan çyk­jak her bir sö­zü­ni dyk­gat bi­len diň­läp, ýüz­ler­çe göz ga­rap otyr.
Ýat­keş­lik ada­ma ze­rur zat­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçi­nem, adam­lar ýat­keş­li­gi­ňi ös­dür­ýän maşk­lar edip, luk­man­la­ryň mas­la­hat­la­ry­ny diň­läp, şol ba­bat­da peý­da­ly bo­lan gök önüm­le­ri iý­mä­ge ýyk­gyn ed­ýär­ler.
Ýat­keş­lik belli bir derejede ada­my­ň özü­ne bag­ly­. Ýatdan hasaplamagy we pikirlenmegi talap edýän zehin oýunlaryny oýnamak, kitap okamak ýaly usullar arkaly beýnini tür­gen­le­şdirip, ýatkeşligi güýçlendirip bolýandygy bellenilýär.

Gö­zel SE­ÝI­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag
kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.