11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler 6 bölümden ybarat bolan kitapda gymmatly maglumatlaryň, paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýän, ak şäherimiziň gözelligini açyp görkezýän fotosuratlaryň bardygyny beýan etdiler. Şeýle-de kitapda häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler bilen tanşyp bolýandygyny aýratyn nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmen halkyna şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.