“Hyundai” kompaniýasy Ýewropa bazary üçin döredilen uniwersal görnüşli “Genesis” ulagyny köpçülige görkezdi. “Genesis G70”-iň uzynlygy 4685 mm-e, ini 1850 mm-e we beýikligi 1400 mm-e deň. Sedan “Genesis” bilen deň ölçegleri bolan bu ulagyň bagažy 40 göterim giňeldilipdir. Ulagyň içki dizaýnynda ösen multimediýa ulgamy göz öňünde tutulypdyr. Öň tarapda ýerleşdirilen 10,25 dýuýmlyk multimediýa we güýmenje paneli beýleki “Hyundai” modellerinde bolşy ýaly “Apple Car Play” we “Android Auto” ulgamlaryny goldaýar. Ulagyň beýleki tehniki aýratynlyklar barada entek jikme-jiklik maglumat berilmedi. Täze ulagyň motorynyň sedan görnüşinde bolşy ýaly, 2 litrlik hem-de 3,3 litr turbo hereketlendirijili boljakdygy mälim edildi. Ýewropa bazary üçin dizel hereketlendiriji görnüşiniň hem çykarylmagyna garaşylýar. Giň göwrümli ýeňil ulagyň şu ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykarylar.