Türkiýäniň Kubogynyň finalynda “Beşiktaş” topary “Antalýaspordan” 2-0 üstün çykyp, çempionlykdan soň kubogy hem eýelemegi başardy. “Beşiktaşa” 11 ýyldan soň 10-njy kubogyny gazandyran gollary 3-nji minutda De Sousa bilen 30-njy minutda Walentin Rosier öz atlaryna ýazdyrdylar. Şunlukda, “Beşiktaş” taryhynda 3-nji gezek bir möwsümde goşa üstünlik gazandy (1989/90, 2008/09, 2020/21). Toparyň tälimçisi Sergen Ýalçyn bolsa, hem futbolçylykda, hem-de tälimçilikde Türkiýäniň Kubogyny eýelän 10-njy şahsyýet hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de, “Beşiktaş” “Galatasaraýdan” (18 gezek) soň kubogy iň köp gazanan 2-nji klub boldy.