Şu gün – 19-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkeziniň binasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanypdy.
Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowanyň alyp baran maslahatynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa we beýlekiler çykyş etdiler.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor öz çykyşlarynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň möhüm resminama bolup durýandygyny, bu meýilnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti we degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bellediler.
Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 – 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, nobatdaky 5 ýyllyk meýilnamanyň halk köpçüligine tanyşdyrylmagyna bagyşlanan bu dabaranyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdi.