Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Russiýa Federasiýasy EURO 2020-niň Sankt-Peterburg şäherinde oýnaljak duşuşyklar üçin petegi bolan janköýerleriň ýurda wizasyz girip biljekdigini habar berdi. Munuň üçin janköýerler duşuşygyň petegini, kowid-19 barlaglarynyň netijeleri hem-de pasporty ýeterlikdir. Bu barada Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly Sankt-Peterburg şäherindäki 68134 janköýere niýetlenen “Gazprom Arena” (“Krestowski”) stadionynda “B” toparçanyň 3 duşuşygy – Belgiýa–Russiýa, Finlýandiýa–Russiýa, Finlýandiýa–Daniýa oýunlary, şeýle-de sanawdan çykarylan Dublin şäherinde oýnalmaly “E” toparçanyň 3 duşuşygy – Polşa–Slowakiýa, Şwesiýa–Slowakiýa, Şwesiýa–Polşa oýunlary hem-de çärýek finalyň bir oýny, jemi 7 duşuşyk oýnalar.