Şu gün 23-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlap geçiren “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalynyň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda geçirilen dabara artistler, sungat ussatlary, žurnalistler, kino muşdaklary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem Hormat hatlary gowşuryldy.
“Aşgabat bahary” kinofestiwalynyň höweslendiriji baýraklaryna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nowruzgeldi Mollaýew tarapyndan hödürlenen “Umyt” filmi, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň döredijilik topary tarapyndan hödürlenen “Bagt şäheri” filmi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew tarapyndan hödürlenen “Aždarhaly haly” filmi, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Mekan Gurbanalyýew tarapyndan hödürlenen “Daragt” filmi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Guwanç Nazarow tarapyndan hödürlenen “Bagtyň nury Aşgabat” filmi mynasyp boldy.
Eminler toparynyň baýragyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Nurýagdy Şyhyýewiň “Meniň kakam”, Iň gowy kinossenariýa eseri baýragyna “Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat”, Iň gowy şekil döreden erkek keşbi baýragyna Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Baky juwan Aşgabat” filminiň baş gahrymany Isgender Rejepow, Iň gowy şekil döreden zenan keşbi baýragyna “Meniň kakam” atly filmiň baş gahrymany Enaý Eýeberdiýewa, Iň gowy kinooperatoryň işi baýragyna “Gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşar” filminiň operatory Hanjar Sopyýew, Iň gowy kinorežissýor baýragyna “Owaz” filminiň režissýory, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Batyr Batyrow, Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film baýragyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Drama teatrynyň hödürlän “Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!” filmi ýeňiji boldy. Şeýle hem Baş baýraga Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik toparynyň taýýarlan “Meniň kakam” filmi mynasyp boldy.