Ýarymgeçirijiniň ýetmezçiligi baradaky uzak wagtlap dowam edýän aladalar kompýuter bazarynda bökdençlige sebäp bolupdy. IDC maslahat beriş kompaniýasynyň (Halkara maglumatlar korporasiýasy) täze çaklamasyna görä, 2021-nji ýylda kompýuterleriň satuwa iberilmegi 18,1% öser we 357 milliondan geçer. 2022-nji ýylda kompýuter ösüşiniň birneme peselmegine (2,9%) garaşylýan hem bolsa, geljekki 5 ýylda ortaça 3% ösüş gazanyljakdygy bellenilýär. Analitikler häzirki wagtda ýarymgeçirji önümleriniň ýetmezçiliginiň önümçilige oňaýsyz täsir edýändigini aýdýarlar. IDC-niň bilermenleri ýetmezçiligiň şu ýylyň üçünji çärýeginiň ahyryna çenli gowşap başlamagyna we 2022-nji ýylyň birinji ýarymyndan ozal deňagramlylygyň dikeldilmegine garaşýarlar.