Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iri, äh­mi­ýet­li gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny öňe sür­mek bi­len, ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň äh­li tap­gyr­la­ry­ny he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz­bo­luş­ly çöz­güt­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, tä­ze­çil, şol san­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Bu usul­lar ös­ýän we öz çä­gi­ni gi­ňeld­ýän Aş­ga­bat­da giň­den ula­nyl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan ägirt uly, tä­ze­çil me­ga-tas­la­ma­da dün­ýä tej­ri­be­sin­de giň­den ula­nyl­ýan şä­her­gur­lu­şyk çöz­güt­le­ri we mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri öz be­ýa­ny­ny ta­par. «Aş­ga­bat-si­ti­niň» gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, döwlet Baştutanymyzyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 24-nji maý­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li Pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di we onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy.
Ir sä­her bi­len şä­he­riň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de bi­na edil­jek tä­ze top­lu­myň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek ýe­rin­de baý­ram­çy­ly­ga mah­sus ýag­daý eme­le gel­di. Bu ýe­re Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar.
Hem­me­ler uly ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk-şow­hun bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi gar­şy­la­dy­lar.
Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li sun­gat us­sat­la­ry baý­ram­çy­ly­ga mah­sus dö­re­di­ji­lik sow­gat­la­ry­ny taý­ýar­la­dy­lar. Ola­ryň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ryn­da, joş­gun­ly tans­la­ryn­da saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň, ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň bi­tir­ýän iş­le­ri­niň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň was­py ýe­ti­ril­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de otur­dy­lan «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­na bar­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, il­ki bi­len hem­me­le­ri, wa­tan­daş­la­ry­my­zy her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň buý­san­jy­na we göz-gu­wan­jy­na öw­rü­len ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gü­ni, şeý­le-de onuň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy bi­len gut­lap, onuň uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip, giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. 2013-nji ýyl­da dö­re­di­len bu baý­ram her ýyl tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Her bir şan­ly se­nä ga­bat­lap, ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de dür­li mak­sat­ly tä­ze des­ga­la­ry we bi­na­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyp, ulan­ma­ga ber­mek hem-de Ga­raş­syz­lyk eý­ýa­my­nyň ru­hu­na la­ýyk gel­ýän döw­re­bap gur­lu­şyk­la­ryň, şol san­da oba­la­ryň­dyr şä­her­çe­le­riň, tu­tuş şä­her­le­riň düý­bü­ni tut­mak we gur­mak Türk­me­nis­tan­da asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Umu­my meý­da­ny 744 gek­tar
bo­lan me­ga-tas­la­ma
Biz şu gün hem paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de gu­rul­jak aja­ýyp bi­na­lar we des­ga­lar top­lu­my­nyň bin­ýa­dy­ny goý­ýa­rys di­ýip, milli Liderimiz sö­zü­ni do­wam et­di. Umu­my meý­da­ny 744 gek­tar bo­lan bu ägirt uly top­lu­my «şä­he­riň için­dä­ki şä­her» di­ýip at­lan­dyr­mak bo­lar. Çün­ki ol dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň­dyr des­ga­la­ryň 240-dan gow­ra­gy­ny öz içi­ne alyp, ýa­şa­mak we dynç al­mak üçin äh­li ze­rur­lyk­la­ry üp­jün edi­len tu­tuş şä­her dü­zü­mi­ni eme­le ge­ti­rer.
Bu ýer­de et­rap hä­kim­li­gi­niň­dir beý­le­ki eda­ra bi­na­la­ry­nyň we dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň köp san­ly­sy gur­lar. Düýp­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na 1200 orun­lyk dört sa­ny ça­ga­lar ba­gy, 3000 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän dört sa­ny or­ta mek­dep, Me­de­ni­ýet öýi hem-de 5000 orun­lyk sta­di­on­ly sport top­lu­my bi­na edi­ler.
Şeý­le hem bu ýer­de Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň we ýö­ri­te­leş­di­ri­len saz­çy­lyk mek­de­bi­niň tä­ze, döw­re­bap bi­na­la­ry­ny, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny, iki sa­ny Sag­lyk öýü­ni, şon­ça-da söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­ni, dü­kan­lar­dyr na­har­ha­na­la­ry, toý me­ka­ny­ny, köp gat­ly aw­to­du­ral­ga­la­ryň dör­dü­si­ni, «Türk­men­ba­şy» we «Halk­bank» tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň şa­ham­ça­la­ry­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Tä­ze dö­re­dil­jek şä­her­de bi­ziň yg­lan eden «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­myz­dan ugur al­nyp, has oňaý­ly we otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ler.

Bu ýer­de ka­şaň, şol san­da has be­lent, ýag­ny 12-35 gat­ly, 107 müň­den gow­rak ila­ta ni­ýet­le­nen, 17 müň 836 öý­li, se­kiz gör­nüş­li 180 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, döwlet Baştutanymyz sö­zü­ni do­wam et­di.
Bu ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň esa­sy gi­rel­ge­si aý­law­ly köp­ri gör­nü­şin­de bo­lar. Ol de­mir­den gur­na­lan ak öý şe­ki­li bi­len hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­li­gi­niň hem-de dost-do­gan üçin ga­py­sy­nyň he­mi­şe açyk­ly­gy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik mer­ke­zi­niň, se­ýil­gä­hiň, dü­züm­le­ýin ýol-ulag ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry­nyň, je­ma­gat ho­ja­ly­gy­na de­giş­li bi­na­la­ryň­dyr in­že­ner-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň için­dä­ki ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le­lik­de, ýa­kyn ýyl­lar­da bu ýer­de «Aş­ga­bat-si­ti» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan tu­tuş döw­re­bap şä­her peý­da bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Ak mer­mer­li Aş­ga­bat di­ňe bir owa­dan we ýa­şa­mak üçin has oňaý­ly bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, döw­re­bap me­ga­po­lis hem bol­ma­ly­dyr. Mu­nuň özi onuň äh­li dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň bök­denç­siz iş­le­me­gin­de hem-de daş­ky keş­bin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Bu iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ýaş, döw­re­bap pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan hü­när­men­le­ri, şol san­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­lyp­la­ry­ny iş­jeň çek­mek ze­rur­dyr.
Ýur­du­myz­da şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek üçin kä­mil bi­lim ul­ga­my dö­re­dil­di. Şu müm­kin­çi­li­gi giň­den ula­nyp hem-de ös­dü­rip, ýaş bi­na­gär­le­riň, di­zaý­ner­le­riň, in­že­ner­le­riň dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, tä­ze­çil tek­lip­le­ri­ni yzy­gi­der­li hö­wes­len­di­rip dur­ma­ly di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Paý­tag­ty­my­zyň tä­ze des­ga­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý we beý­le­ki bi­na­gär­lik top­lum­la­ry şä­he­riň aja­ýyp te­bi­ga­ty bi­len saz­la­şyk­ly bol­ma­ly­dyr. Se­bä­bi bu ýer­de döw­re­bap, ok­gun­ly ös­ýän, açyk hem-de kö­pö­wüş­gin­li tä­ze şä­her gu­rul­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýer­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki aras­sa­çy­ly­gy we ter­tip-düz­gü­ni ber­jaý et­mek ze­rur­dyr, ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş amat­lyk­la­ry­nyň hö­zi­ri­ni gö­rüp, asu­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­me­li­dir.
Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, hormatly Prezidentimiz Aş­ga­ba­dyň eko­lo­gi­ýa­sy, ony ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, daş­ky gur­şa­wyň tä­si­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­gyň has kä­mil gu­ral­la­ry­ny we usul­la­ry­ny, bu ul­gam­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni, se­riş­de­le­ri hem-de ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de bu me­se­le­ler tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň üns mer­ke­zin­de dur­ýar.

Owa­dan we aras­sa, ýa­şa­mak
üçin has oňaý­ly şä­her
Bi­ziň göz-gu­wan­jy­myz, Azi­ýa­nyň «mer­jen şä­he­ri» Aş­ga­bat dün­ýä­de iň owa­dan we aras­sa, ýa­şa­mak üçin has oňaý­ly şä­her bol­ma­ly­dyr. Mu­nuň üçin biz­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler hem-de se­riş­de­ler ýe­ter­lik bar. Dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan döw­let hem­me­ta­rap­la­ýyn gurp­lu­dyr.
Tu­tuş Di­ýa­ry­myz­da bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hä­zir­ki za­man dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi­ni dö­ret­mä­ge köp ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Şol dü­züm bol­sa ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, dynç al­ma­gy hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin has amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň uzak möh­let­li ne­ti­je­si onuň has ro­waç­lan­ýan, ýo­ka­ry de­re­je­de ösen, kuw­wat­ly döw­le­tiň paý­tag­ty hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­na baş­la­maz­dan ozal, biz köp san­ly taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­ma­ly­dy­rys. Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň alym­la­ry seýs­mik ýag­da­ýy düýp­li sel­je­rip, bu ýer­de nä­çe gat­ly jaý­la­ry gu­rup bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­ma­ly­dyr. Çyz­gy­çy­lar gur­lu­şy­gyň al­nyp ba­ryl­jak ýer­le­ri­ni kar­ta ge­çir­me­li­dir.
Şeý­le hem bu giň ge­rim­li iş­le­re ýol­baş­çy­lyk et­jek gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­ny dö­re­dip, ony ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­ler bi­len üp­jün et­me­li. Mun­dan baş­ga-da, gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň tas­la­ma­sy­ny dü­züp, olar üçin gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bo­lan se­ment, agaç-tag­ta, de­mir we beý­le­ki ze­rur önüm­le­ri, dün­ýä­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ran hä­zir­ki döw­rün­de ni­re­den al­ma­ly­dy­gy­ny anyk­la­ma­ly. Ola­ryň özü­miz­de ön­dü­ril­me­ýän gör­nüş­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­lar­dan nä­dip ge­tir­me­li­di­gi­ni kes­git­le­me­li.
Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň tä­ze gu­rul­jak şä­he­riň ila­ty­ny, bag­la­ry, suw çüw­dü­rim­le­ri­ni suw bi­len üp­jün et­me­giň çeş­me­si­ni anyk­la­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, şu gün gur­lu­şy­gy bir­nä­çe ýy­la çek­jek uly şä­he­riň düý­bi tu­tul­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýo­kar­da sa­na­lyp ge­çi­len­ler­den baş­ga-da, köp me­se­le­le­ri çöz­me­li. «Ýag­şy ni­ýet – ýa­rym döw­let» di­ýip­dir­ler. Ne­sip bol­sa, ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan biz gö­zel Kö­pet­dag bi­len uç-gy­rak­syz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň sep­leş­ýän ýe­rin­de, ýa­şa­mak üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan dün­ýä de­re­je­li lo­wur­dap du­ran aja­ýyp şä­he­riň gur­lu­şy­gy­na şa­ýat bo­la­rys.
Eziz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da gö­zel paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de düý­bi tu­tul­ýan bu şä­her gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň gün­sa­ýyn dep­gin­li ös­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär, Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Men ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe gi­dip, tä­ze be­lent­lik­le­re ýet­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­jek bu aja­ýyp şä­he­riň bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ze hyz­mat et­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da hem­me­le­ri döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýän Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni hem-de tä­ze şä­he­riň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de çä­rä gat­na­şan­la­ra berk jan sag­ly­gy­ny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çy­ky­şy ta­mam­la­nan­dan soň, bu ýer­de «Aş­ga­bat-si­ti­niň» tas­la­ma­sy, umu­man, bu ýer­de gu­rul­jak des­ga­lar, bi­na­gär­lik top­lum­la­ry we ugur­daş dü­züm­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýän wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di.
Soň­ra kör­pe ne­sil­le­riň we­kil­le­ri bo­lan og­lan­jyk we gyz­ja­gaz döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýüz­le­nip, aja­ýyp goş­gy se­tir­le­ri­ni oka­dy­lar we hormatly Prezidentimizden şu gün­ki şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li gel­jek ne­sil­le­re ni­ýet­le­nen ýa­dy­gär­lik ýaz­gy ýaz­ma­gy­ny ha­ýyş et­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol çe­kip, ony ýö­ri­te gu­ta ýer­leş­dir­di.
Asyl­ly dä­be gö­rä, mil­li Li­de­ri­miz gu­ty­ny tä­ze gur­lu­şy­gyň bin­ýa­dy­na atyp, ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň il­kin­ji be­to­ny­ny at­dy. Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we beý­le­ki da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýer­di­ler.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz kör­pe ne­sil­le­riň we hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň ha­ýyş­la­ry bo­ýun­ça olar bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz paý­tag­ty­my­zyň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ço­gan­ly ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li açyl­ýan 140 sa­ny iki gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.