Ýaponiýanyň «Lexus» kompaniýasynyň dünýäde 2 million elektroulag satandygy mälim edildi. 2005-nji ýyldan bäri gibrid kysymly ulag önümçiligine uly ähmiýet berip gelýän kompaniýanyň söwdasy yzygiderli ýokarlanýar. 2005-nji ýylda 2 görnüşde gibrid ulaglaryny öndüren bu kompaniýanyň elektrik togy bilen işleýän «RX SUV» kysymly ulagy has köp gyzyklanma döretdi. Ýapon kompaniýasy 90 ýurda we sebit ýurtlaryna ulaglaryny satýar. Kompaniýa 2020-nji ýylda elektroulaglarynyň söwdasyny 33 göterime ýetirdi. Onuň Ýewropa ýurtlaryndaky söwdasy bolsa has ýokarydyr. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli ýene-de 20 görnüşde täze ekologiýa taýdan arassa ýangyçly ulaglary satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Olaryň 10-dan gowragy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işlär. Bu meýilnama kompaniýanyň elektroulag söwdasynyň 50 göterime ýetmegine ýardam eder.
Mekanýaz ÖWEZGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.