Adam bedenine zyýanly täsir ýetirýän çybynlar yssy günlerde has köp ýüze çykyp başlaýar. Bu mör-möjekler agşamlaryna ýagty ýerlerde peýda bolup, olar nahar galyndylarynyň hem-de gök-önümleriň bar ýerine ýygnanýarlar. Şeýle hem çybynlara otag ösümliginiň köp ýerinde we ýaňy gülläp oturan ýerlerinde duşmak bolýar. Çybynlar iň çalt köpelýän mör-möjekleriň biri bolup, olardan goranmak üçin hökmany suratda çäreler görülmelidir. Şonuň üçin öý şertlerinde bu mör-möjeklerden goranmagyň birnäçe usullaryny size ýetirmegi makul bildik.
Sarymsagy we sogany köpräk ulanyň! Sarymsagy we sogany deň ikä bölüp, saçagyňyzyň üstünde goýuň! Ýiti ysy bolan sarymsak we sogan çybynlardan goranmakda täsirli usullaryň biri bolup durýar.
Çygly ýerlerden daşda boluň! Suw bolan ýerde çybyn hem bolýar. Çygly hem nemli ýerlerde köpelýän çybynlardan goranmak üçin howlyňyzda we öýüňizde suwuň ýygnanmagynyň öňüni alyň!
Penjiräniň öňünde sirke goýuň! Otagyňyzyň penjiresini açmak isleseňiz, ilki bilen penjiräniň öňünde bir bulgur suwa sirke goşulan garyndyny goýsaňyz, çybynlar içerik girmez. Sirkäniň ysy çybynlardan goranmaga ýardam berýär.
B we C witaminli önümleri iýiň! B we C witaminine baý bolan önümler çybynlaryň halamaýan iýmit toparyna degişlidir. Bu witaminlere baý bolan iýmitleri has köp iýseňiz, çybynlar sizden daşda bolar.
Limonly suw içiň! Bir bulgur suwa biraz narpyz we limon suwuny goşup içseňiz çybyndan goranmaga ýardam eder. Eger isleseňiz, bu suwuklygy bedeniňize çalyp hem çybynlardan goranyp bilersiňiz.
Goýy reňkli eşik geýmäň! Çybynlaryň goýy reňkli zatlara has köp gelýändigini bilýärdiňizmi? Eger çybynlary özüňizden uzak tutmak isleseňiz, açyk reňkli eşik geýiň we otagyňyzyň bir çüňkünde goýy reňkli eşik asyp goýuň!
Reýhan goýuň! Çybynlardan goranmagyň täsirli usullaryndan ýene biri hem otagyňyzyň bir ýerinde täze reýhan otuny goýmakdyr. Diňe çybynlar däl, beýleki mör-möjekler hem reýhandan daşda durýar.
Ýorunjanyň we limonyň täsiri. Çybynlar ýorunjanyň ysyndan gaça durýarlar. Ýaşyl limony kesip, üstüne ýorunja dänesini sepip goýsaňyz, çybyn gelmez.
Tebigy ýaglar. Çybynlaryň çakmagy netijesinde endamyňyzda emele gelýän gyzaryklygy köşeşdirmek üçin ilki çişi yzyna serpikýänçä buz ýapyp garaşmaly, soňra laurel ýagy, limon ýagy, pyrtykal gabygy, çaý agajy we wanilýa ýaly tebigy ýaglary endamyňyzyň gyzaran ýerine emaý bilen çalmaly. Eger ýag çalmak islemeýän bolsaňyz, suwdan doly bir gabyň içine biraz ýag damdyryp, spreý görnüşinde otagyňyzyň içine sepip bilersiňiz!