Çagalaryň terbiýeli bolmagy, olaryň ene-atasynyň terbiýesine bagly.

(Arap pähimi)

 

Atasynyň parasatlylygy çagalar üçin has hakyky öwüt-nesihatdyr.

(Demokrit)

 

Çagalar bilen ýürekde hiç zat gizlemäň, dogruçyl hem açyk gepleşip bilsek, ýeke-täk terbiýe şoldur.

(L. N. Tolstoý)

 

Çagasyna kiçi zatlardan lezzet almagy öwreden adam oňa uly baýlygy miras galdyrar.

(A. Gilson)

 

Çagalaryňyzy gowy terbiýeli edip ýetişdiriň, sebäbi diňe şolar sizi bagtly edip biler.

(Bethowen)

 

Çagany aň-bilimli etdigiň, dünýä kemally adam berdigiň bolar.

(Wiktor Gýugo)

 

Çagalara ündew däl-de, görelde görkezmeli.

(Žozef Žuber)

 

Toplan Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.