Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Öm­rü­ni we yk­ba­ly­ny Wa­ta­na ba­gyş­lan yn­san­lar adam­la­ryň ha­ky­da­syn­da ba­ky ýa­şa­ýar. Ola­ryň dur­muş ýo­ly ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik, aras­sa ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de nus­ga bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mäh­ri­ban kyb­la­sy, Wa­ta­nyň we­pa­ly og­ly Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň dur­mu­şy hem tu­tuş hal­ky­myz, aý­ra­tyn-da, ýaş­lar üçin gö­rel­de mek­de­bi­dir. Mä­lik­gu­ly aga­nyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge ýug­ru­lan öm­ri we zäh­met ýo­ly nus­ga­lyk­dyr, uly mek­dep­dir. Bu be­ýik yn­sa­nyň ur­şuň kyn­çy­lyk­ly gün­le­rin­de ýa­zan «Köp eke­liň dä­nä­ni!» at­ly goş­gu­sy adam­lar­da ýeň­şe, er­tir­ki go­wy gün­le­re ynam we ru­hu­be­lent­lik dö­re­dip­dir.

Gaý­rat­ly­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­re ebe­di mi­ras go­ýan be­ýik yn­san – Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedow bu gün­ki gün hor­mat bi­len sar­pa­lan­ýar. Mä­lik­guly aga öz nus­ga­lyk öm­rü­ni ýaş ne­sil­le­riň ylym­ly, bi­lim­li, so­wat­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň asu­da­ly­gy­na, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­na ba­gyş­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyl­ly ar­ka­sy – ata­sy, us­sat mu­gal­lym, wa­tan­çy es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň, onuň ka­ka­sy An­na aga­nyň, mäh­ri­ban kyb­la­sy Mä­lik­gu­ly aga­nyň bü­tin öm­ri ýaş nes­le ter­bi­ýe ber­mek, so­wat­syz­ly­ga gar­şy gö­reş­mek, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak bi­len, hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na we däp-des­sur­la­ry­na hor­mat goý­mak, ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ýa­ly nus­ga­lyk iş­le­re ba­gyş­la­nan­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz ka­ka­sy Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň kyr­ky my­na­sy­bet­li be­ren sa­da­ka­syn­da eden çy­ky­şyn­da: – Şeý­le agyr şa­ty­la­ra mer­di-mer­da­na­lyk bi­len döz ge­lip, oba adam­la­ry­na gol­daw-he­ma­ýat be­ren, be­ýik gah­ry­man­çy­lyk gör­ke­zen ka­ka­ma men çäk­siz gu­wan­ýa­ryn, buý­san­ýa­ryn. Mäh­ri­ban kyb­la­myň ömür ýo­ly – ma­ňa nus­ga­lyk ýol, onuň asyl­ly be­ýik ah­lak sy­pat­la­ry, me­niň idea­lym, me­niň dur­muş uni­wer­si­te­tim – di­ýip nyg­ta­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­niň «Döw­let gu­şy» at­ly ki­ta­byn­da mäh­ri­ban kyb­la­sy­nyň ömür ýo­lu­ny gi­ňiş­le­ýin be­ýan ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň has wa­jyp me­se­le­ler bo­ýun­ça oňyn çöz­gü­di ka­bul et­mek­de ka­ka­sy Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň he­mi­şe kö­mek eden­di­gi­ni we her bir iş­de hoş­ni­ýet­li, örän ta­la­be­di­ji ha­ly­pa­sy bi­len mas­la­hat­la­şan­dy­gy­ny bel­läp geç­me­gi, mil­li Li­de­ri­mi­ziň kyb­la­sy­na çäk­siz buý­san­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň mäh­ri­ban kyb­la­sy Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lap dü­zen «Ata­myň» goş­gu­sy hem ma­ny­ly öm­rü­ni il-hal­ky­na, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­na ba­gyş eden, ýur­du­my­zyň asu­da­ly­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy üçin ja­na­ýa­man zäh­met çe­ken, gu­jur-gaý­ra­ty bi­len il-hal­ky­my­za hyz­mat eden il­ha­lar yn­sa­nyň hor­ma­ty­nyň be­lent­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Wa­ta­nyň we­pa­ly og­ly Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedow ba­ra­da­ky ýa­kym­ly ýat­la­ma­lar hal­ky­my­zyň ha­ky­da­syn­da mü­di­mi ga­lar.

Ser­dar ATA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.