Wodorod bilen işleýän «Toyota Mirai» kysymly awtoulag bir gezekki zarýad bilen 1003 kilometr geçip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu babatda ozalky rekord «Hyundai Nexo» ulagyna degişlidi. Bu ulag 778 kilometr geçipdi. Fransiýada geçirilen rekord synagy tamamlanandan soňra «Mirai» ulagynyň ýene-de 9 kilometr geçmäge ýeterlik ýangyjynyň galandygy mälim edildi. «Toyota» kompaniýasynyň dünýä rekordyny täzelemek üçin geçiren synagy Fransiýanyň Orli şäherindäki «HYSETCO» wodorod bekedinden başlandy we ulag 1003 kilometre ýetýänçä dowam etdi. Synag yzygiderliliginde ulagyň ýangyç sarp edilişi 100 kilometre 0,55 kg boldy.
Ahal KÖSÄÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.