Bedeniň kadaly işlemegi üçin deňagramly iýmitlenmek zerurdyr. Iýilýän we içilýän zatlaryň hemmesi adamyň tutuş bedenine bolşy ýaly, beýnisine hem täsir edýär. Şonuň üçin lukmanlar ýatkeşligi güýçlendirmäge ýardam edýän iýmitleriň sanawyny taýýarlapdyr. Beýniniň işjeňligini gowulandyrýan iýmitleriň biri ajy şokolad hasaplanýar. Onuň düzümindäki kakao flawonoidler ýatkeşligi we öwrenmek ukybyny ösdürmäge ýardam edýär. Şeýle hem kofe we hoz adamyň beýnisi üçin peýdaly hasaplanýar. Hozuň düzüminde «Omega 3» ýagy we antioksidantlar bar. Bulardan başga-da, balyk hem ýatkeşligi ösdürmäge ýardam edýär. Ýumurtganyň düzümindäki B6 we B12 witaminleri hem-de foliý turşusy beýni üçin peýdaly iýmit hasaplanýar. Gök çaý, pomidor, kädiniň çigidi ýatkeşlik hem-de beýniniň sagdyn bolmagy üçin peýdaly iýmitler hasaplanýar.
Eziz ARTYKLYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.