«Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­syk­lan­ma­gy­nyň yzy­sü­re Türk­me­nis­tan­da ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­nyň tas­syk­lan­ma­gy ila­ty­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da edil­ýän ala­da­la­ryň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­myz­da maş­ga­la­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da hem yzy­gi­der­li ala­da­lar edil­ýär. Ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek­de, ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de, ola­ryň ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da bol­mak­la­ry­ny ga­zan­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler oňyn ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri önüm­çi­lik, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, zäh­met çek­mek­den da­şa­ry, iş­jeň luk­man­çy­lyk ýa­ly ugur­lar bi­len bir­lik­de, ada­myň zäh­met iş­jeň­li­gi, dur­muş, aň-paý­has, he­re­ket iş­jeň­li­gi, gep­le­şik we dur­muş öza­ra gat­na­şyk­la­ry, en­dik­ler, gün ter­ti­bi, ýa­şa­ýyş saz­la­şy­gy, işiň gör­nü­şi, dynç alyş ýa­ly ugur­la­ry-da öz içi­ne al­ýar.
Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni yzy­gi­der­li wa­gyz et­mek, ýaş­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den ug­ruk­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan uly möç­ber­li iş­ler döw­let ta­ra­pyn­dan mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Fi­zi­ki taý­dan iş­jeň­lik sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Luk­man­lar sag­dyn, berk be­den­li bol­ma­gy­myz üçin aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­giň, ka­da­ly iý­mit­len­me­giň, ýe­ter­lik uky­ny al­ma­gyň, sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny yzy­gi­der­li nyg­ta­ýar­lar. Şeý­le hem iý­mi­ti­miz­de wi­ta­min­le­re baý bo­lan gök önüm­le­riň ag­dyk­lyk et­me­gi­niň hök­ma­ny­dy­gy­ny dü­şün­dir­ýär­ler.
Ýur­du­myz­da ila­ta hal­ka­ra öl­çeg­le­riň de­re­je­sin­dä­ki döw­re­bap luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­niň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, be­den­ter­bi­ýe we sport adam­la­ryň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­ne we ömür­le­ri­niň uzak bol­mak­la­ry­na oňyn tä­sir ed­ýär.
Ýur­du­myz­da şy­pa­ha­na işi­ni ös­dür­mek yl­my esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da de­giş­li yl­my-bar­lag­lar be­je­riş işi­ni ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Alym­la­ryň ge­çi­ren yl­my bar­lag­la­ry aras­sa dag ho­wa­sy­nyň, gü­neş­li ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­giň ada­myň sag­ly­gy­na we ru­hy ýag­da­ýy­na oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.
Sag­dyn­ly­gyň esa­sy gi­re­wi ada­myň iý­mi­ti­ne we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, daş­ky gur­şa­wyň zy­ýan­ly tä­si­ri­ne gar­şy gö­reş­mek uky­by­na, ýo­ka­ry fi­zi­ki hem akyl zäh­me­ti bo­ýun­ça iş­jeň­li­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Mer­dan AL­LA­GU­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.