Mälim bolşuna görä, pul mahsus bolan haryt we beýleki harytlaryň hem-de hyzmatlaryň köpugurly ekwiwalentidir. Häzirki zaman jemgyýetini pulsuz göz öňüne getirmek kyn. Bu adamzadyň iň möhüm açyşlarynyň biridir. Ösüşiň irki döwürlerinde adamlar pulsuz hem ýaşapdyrlar. Olaryň muňa zerurlygy hem bolmandyr, çünki ilkidurmuş jemgyýetinde hojalyk tebigy ýagdaýda bolup, onda ähli zerur zatlar öndürilipdir. Ýöne adamzat jemgyýetiniň ösüşi bilen durmuşda ähli zerur zatlary taýýarlamak barha kynlaşyp, adamlar pulsuz göni haryt alyş-çalşygyny – barteri ýola goýupdyrlar. Şunuň bilen birlikde, önümiň nyrhy hakdaky pikir, ýagny, bir harydyň beýleki bir haryda bolan gatnaşygynyň deňligi baradaky düşünje ýüze çykypdyr.
Ýöne eýýäm, adamzadyň şol taryhy döwründe tebigy alyş-çalşygyň mümkinçiligi ýeterlik bolmandyr we olar köptaraply töleg serişdesiniň gözleginde bolupdyr. Ilkinji pullar ýörite taýýarlanmandyr. Dünýäniň dürli sebitlerinde pul hökmünde dürli zatlary ulanypdyrlar. Şeýlelikde, köp ýurtlarda haýwanlar, olaryň derileri, ýüň we şuňa meňzeşler haryt puly hökmünde has giňden ýaýrapdyr.
Günorta Amerikada we Okeaniýa adalarynda dür dänesi we balykgulak, Täze Zelandiýada deşikli daşlar pul hökmünde hyzmat edipdir. Gadymy Hytaýda miladydan 2 müň ýyl ozal, pul birligi hökmünde Kauri atly mollýusk balykgulaklary ulanylypdyr. Taryhy taýdan uzakda bolmadyk döwürde XVIII asyrda ABŞ-da gadymy indeý puly – wampumlar ulanyşda bolupdyr. Olar üýtgeşik monjuklardan ybarat bolup, mukdary, ölçegi we reňki boýunça kimiň kime näçeräk haýwan derisini we beýleki harytlary bermelidigini kesgitläpdir.
Wagtyň geçmegi bilen puluň roly kem-kemden demre geçipdir. Olar ilkibaşda dört gyraňly demirden ybarat bolup, soňra metaldan ýasalan nala, peýkama, çüýe we gap-gaçlara geçipdir. Şunuň ýaly “Haryt önümleri” şol döwürde möhüm ösüşe eýe bolup, olaryň söwdanyň giňden ýaýbaňlanmagynda düýpli ähmiýeti bolupdyr.
Taryhçylaryň tassyklamagyna görä, şaýy pullaryň ilkinji görnüşleri miladydan VII asyr öň, gadymy Lidiýa şalygynda hem-de Hytaýda ýüze çykypdyr. Şeýle hem ýörite niýetlenip çykarylan Milet pul ulgamy – iň gadymy pul birligi hasaplanýar. Lidiýalylar daşky görnüşi we agramy boýunça birmeňzeş bolan şaýy pullary taýýarlapdyrlar. Miladydan V asyr öň pars patyşasy Dariý I öz ýurdunda barteri ýatyryp, umumy metaldan edilen pullary resmi dolanyşyga girizipdir. Olar altynyň we kümüşiň ergininden zikgelenipdir. Häzirki wagtda Eýranyň gadymy Persopolis şäheriniň gaýa ýazgylarynda bu taryhy waka barada gürrüň berilýär.
Ýöne bu pullaryň bary miladydan IV asyr öň, Aleksandr Makedonskiniň dolandyran döwründe zikgelenen altyn şaýylyklar bilen çalşyrylypdyr. Şol döwürde pullar diňe gymmatly metallardan we altyndan ýasalypdyr. Hakykatda, olaryň gymmaty ýasalan materialynyň bahasyna barabar bolupdyr.
Puly altyndan ýasamagyň köp sebäpleri bolupdyr. Çünki altyn poslap dargamaýar we ömri uzak bolýar. Altyn pullar özüniň hümmetini gaçyrmandyr we islendik ýurtda onuň bahasy bolupdyr. Eýýäm, şol döwürlerden başlap altyn şaýylar dünýä derejesindäki walýuta bolupdyr. Altyn şol wagtlardan başlap, tä XX asyra çenli dürli derejelerdäki puluň roluny oýnapdyr.
Şol döwürlerden başlap, Hytaýda metal şaýy pullary zikgeläpdirler. “Nominal” (takyklanan, bellenen baha) ýaly düşünjeler girizilip, pul onuň ýüzünde görkezilen bahadan has arzan çykarylyp başlanypdyr. Günbatar Ýewropa ilkinji metal pullar Gresiýadan getirilipdir. Olar, esasan hem, ýygnamak üçin niýetlenip, bezeg üçin ulanylypdyr. Günbatar Ýewropada pul dolanyşygy diňe VII asyrda peýda bolupdyr. Şol döwürlerde puluň wezipesini ýerine ýetiren wizantiýa we arap kümüş şaýy pullary has giňden ýaýrapdyr.
Dürli ýurtlaryň taryhynyň belli bir döwürlerinde dürli sebäplere görä, metaldan edilen pullar ulanyşdan galyp, söwda ýene-de haryt pullary girizilipdir. Şeýlelikde, XII-XIV asyrlarda Rusda “şaýy pulsuz” döwür bolupdyr. Onuň sebäbi bolsa, daşardan kümüş gelmegi kesilipdir. Rusda ilkinji şaýy pullar knýaz Wladimiriň (960-1015) döwründe zikgelenipdir. Galapyn, bu şaýy pullarda knýazyň şekili goýlupdyr.
Nurjemal Goýmadowa, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy.