Soňky ýyl­lar­da türk­men paý­tag­tyn­da Hal­ka­ra sport me­dia-fo­rum­la­ryň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Olar ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri hem-de sport ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak işin­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik bol­dy. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de iri hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de yk­rar edi­len­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şeý­le-de, bu gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çen çä­re­ler iri sport ýa­ryş­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak ba­bat­da hem ata Wa­ta­ny­my­zyň soň­ky bir­nä­çe ýyl­da diý­seň uly tej­ri­be top­lan­dy­gy­ny gör­kez­di.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men hü­när­men­le­ri “Azia­da-2017” ady bi­len bü­tin dün­ýä­de giň­den bel­li bo­lan sport tas­la­ma­sy­ny, ýag­ny Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra möç­ber­li fo­rum­la­ra yzy­gi­der­li gat­naş­ýar­lar. Go­laý­da bol­sa dü­zü­min­de 2017-nji ýyl­da­ky Azia­da taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­tiň hem-de Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we­kil­le­ri bo­lan türk­men we­ki­li­ýe­ti In­do­ne­zi­ýa­da bol­dy. Bu döw­le­tiň çä­gin­dä­ki Ba­li ada­syn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU) 53-nji Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň do­wa­myn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa oýun­la­ry­ny giň­den wa­gyz et­mä­ge we ta­nyş­dy­ryş çä­re­si­ni gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di. Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň (ABU) 53-nji Baş As­samb­le­ýa­syn­da bu babatda söh­bet açy­ldy. “ABU gu­ra­ma­sy­na ag­za bo­lan te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň 200-den gow­ra­gy­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­län fo­rum “Gel­jek üçin me­dia” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­di hem-de gel­jek ýyl Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry onuň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri bol­dy.
Hu­su­san-da, öz iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ren ABU-nyň dür­li to­par­la­ry­nyň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan­da Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si bel­le­nil­di. Gu­ra­ma ag­za bo­lan te­le­ýaý­lym­lar kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň Aş­ga­bat­da­ky Oýun­la­ryň ýa­ryş­la­ry­ny gö­ni ýaý­lym­da gör­kez­mä­ge taý­ýar­dy­gy hem-de bu ba­bat­da beý­le­ki tek­lip­ler be­ýan edil­di.
Bil­şi­miz ýa­ly, Azi­ýa oýun­la­ry as­ly­ýe­tin­de di­ňe bir yk­ly­myň çä­gin­dä­ki top­lum­la­ýyn oýun­lar ha­sap­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len onuň ge­ri­mi gi­ňel­di­lip, Okea­ni­ýa se­bi­ti­niň ýy­gyn­dy­la­ry­na-da bu Oýun­la­ra gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Şeý­le­lik­de, ol bü­tin dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­dä­ki sport bäs­le­şik­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Şo­ňa gö­rä-de, In­do­ne­zi­ýa­da­ky fo­ru­myň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Aş­ga­bat Azia­da­sy­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Şeý­le­lik­de, türk­men we­ki­li­ýe­ti wi­deo­ro­li­giň gör­ke­zil­me­gi bi­len hem-de gi­ňiş­le­ýin ha­sa­bat­la­ry özün­de jem­le­ýän “Azia­da-2017”-niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­ny ge­çir­di. Onuň bar­şyn­da ber­len äh­li so­wal­la­ra do­ly jo­gap be­ril­di. Hu­su­san-da, olim­pi­ýa des­ga­la­ry­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na, meý­le­tin­çi­le­riň, şeý­le hem iki dil­de söz­lük­le­riň we öza­ra dü­şü­niş­mä­ge ni­ýet­le­nen mow­zuk­la­ýyn gep­le­şik üçin gol­lan­ma­la­ryň taý­ýar­la­ny­ly­şy­na de­giş­li so­wal-jo­gap al­şyl­dy.
Azi­ýa-Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň 53-nji Baş As­samb­le­ýa­sy my­na­sy­bet­li çap edi­len ha­bar­lar top­lu­myn­da hem Aş­ga­bat­da­ky Azi­ýa oýun­la­ry ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­ri­len­di­gi türk­men paý­tag­tyn­da­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­na bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ma­ga do­ly esas ber­ýär. Şo­nuň üçin hem “Azi­ýa­nyň mer­je­ni” ha­sap­lan­ýan paý­tag­ty­my­za 2017-nji ýyl­da ge­lip gör­mä­ge, bu top­lum­la­ýyn sport ýa­ryş­la­ry­ny şöh­le­len­dir­mä­ge we ýa­ryş­la­ra to­ma­şa et­mä­ge gel­mek is­le­ýän adam­la­ryň sa­ny­nyň ga­ty kän­di­gi­ni aýt­mak ge­rek. Bu ge­zek­ki Azi­ýa oýun­la­ryn­da spor­tuň 21 gör­nü­şin­de iň güýç­li­le­ri ýü­ze çy­kar­mak üçin 62 ýurt­dan tür­gen­le­riň müň­ler­çe­si güýç sy­na­ny­şar.
2014-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Azi­ýa-Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň Sport top­lu­my­nyň 54-nji hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip­di. Şon­da ýur­du­my­zyň mil­li te­le­wi­de­ni­ýe­si bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri, iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň gö­ni ýaý­lymа be­ril­me­gi­ni gu­ra­mak ba­bat­da tej­ri­be alyş­mak, sport te­le­žur­na­lis­ti­ka­sy üçin iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ýa­ly me­se­le­le­rem fo­ru­myň do­wa­myn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp­dy.
Humargül Sarlyýewa, Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

ÇÄRÝEK ASYRYŇ ÖSÜŞLERINIŇ BEÝANY

Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz Türk­me­nis­ta­ny ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ok­gun­ly alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy üçin hem çuň­ňur ala­da­lan­ýar. Mu­ňa soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň yla­hy ze­hi­ni bi­len dö­re­di­len eser­ler aý­dyň my­sal­dyr. Hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­ne, ha­ly sun­ga­ty­na, der­man­lyk hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan ösüm­lik­le­re, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­za, sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent­li­ge, şy­pa­ha­na­lar mer­kez­le­ri­ne, be­ýik akyl­dar­la­ry­my­za ba­gyş­la­nyp dö­re­di­len dür­li maz­mun­ly eser­ler mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Akyl-paý­ha­sa ýug­ru­lan bu eser­le­riň her bi­ri di­ňe bir hal­ky­myz üçin däl, eý­sem, dün­ýä oky­jy­la­ry üçin hem ýur­du­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry, dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak­da aý­dyň gol­lan­ma bo­lup dur­ýar.
Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň mil­li Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­nyň uly da­ba­ra­lar bi­len bel­le­ni­len gün­le­rin­de “Türk­me­nis­tan” at­ly tä­ze ki­ta­by­ny sow­gat et­me­gi bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem bo­lan bag­ty­ýar hal­ky­my­za, bi­ziň her bir ösüş­le­ri­mi­ze buý­sa­nyp, gol­dap, dost-do­gan­lyk gol­la­ry­ny uzad­ýan dün­ýä halk­la­ry üçin taý­syz peş­geş bol­dy. Çün­ki mil­li Li­de­ri­mi­ziň üç dil­de ne­şir edi­len ki­ta­by ýur­du­my­zyň çär­ýek asy­ryň do­wa­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Tä­ze eser ýaş har­by gul­luk­çy­la­ry taý­ýar­la­mak, ola­ryň sy­ýa­sy dün­ýä­ga­raý­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ra­ýat­lyk iş­jeň­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak we sö­weş­jeň ru­hy ýo­kar­lan­dyr­mak işin­de has-da äh­mi­ýet­li­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ki­ta­by bi­len ta­ny­şa­nyň­da, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da asyr­la­ra ba­ra­bar ösüş­li ýol­la­ryň ge­çi­len­di­gi­ne do­ly göz ýe­tir­mek bol­ýar. Hal­ky­my­zyň aňy­ýe­tin­de, me­de­ni we ru­hy dur­mu­şyn­da bo­lup ge­çen ägirt uly öz­ge­riş­lik­ler tä­ze jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň ke­ma­la ge­len­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Bir my­sa­la ýüz­le­ne­liň.
Eziz Ar­ka­da­gy­myz: “Ösüş­li men­zil­ler hak­da­ky ýaz­gy­lar il-hal­ky­my­zyň döw­let­li­li­gi­niň ýaz­gy­la­ry­dyr. Çär­ýek asyr­da ge­çi­len ýo­luň röw­şen­li­gi asyr­la­ra şug­la ça­ýar” di­ýe­nin­de, müň ke­ren mam­la­dyr. Tä­ze ki­ta­byň sa­hy­pa­la­ryn­da ýur­du­myz­da ge­çen çär­ýek asyr­da önüm­çi­lik gor­la­ry­na gö­nük­di­ri­len 144 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň öz­leş­di­ri­len­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Ki­tap­da önüm­çi­lik we önüm­çi­lik däl mak­sat­ly iri des­ga­la­ryň 544-si­niň gur­lan­dy­gy we işe gi­ri­zi­len­di­gi, şol san­da umu­my meý­da­ny 35 mil­li­on ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ulan­ma­ga ber­len­di­gi hem buý­sanç bi­len aý­dyl­ýar. Mu­nuň özi äh­li pu­dak­la­ryň my­sa­lyn­da ala­nyň­da hem, şeý­le gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bo­lar. Ki­ta­byň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­nyn­da ylym­da, bi­lim­de, gur­lu­şyk­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, sport­da, sy­ýa­hat­çy­lyk­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, me­de­ni­ýet­de, mah­la­sy, äh­li ugur­lar­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan ägirt uly iş­ler us­sat­lyk bi­len be­ýan edil­ýär.
Mil­li Ga­raş­syz­ly­gyň er­kin­li­gi, bag­ty­ýar­ly­gyň ba­ha­ry yk­ba­ly şu top­ra­ga bag­ly bo­lan her bir ra­ýa­tyň dur­mu­şyn­da uly öw­rü­li­şi­gi aç­dy. Hä­zir­ki Bag­ty­ýar­lyk döw­ri bol­sa tä­ze – yk­bal öz­ger­di­ji hä­si­ýe­te eýe bo­lup, yk­ba­ly­my­za ba­ky gü­ne­şiň nu­ru­ny çaý­dy. Bu hak­da söz açyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şeý­le ýaz­ýar: “Çär­ýek asyr­lyk men­zi­liň her bi­ri­ňi­ziň dur­mu­şy­ňyz­da aý­ra­tyn uly orun eýe­le­ýän­di­gi­ni men bil­ýä­rin. Si­ziň her bir gü­nü­ňi­ziň hoş­wagt­lyk­da geç­me­gi döw­le­ti do­lan­dyr­mak bi­len bag­ly uly we­zi­pä­mi ber­jaý et­mek­de ma­ňa uly güýç hem ynam ber­ýär. Il-hal­kyň öňün­dä­ki öz borç­la­ry­ňy my­na­syp ber­jaý ede­niň­de, onuň ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da öç­me­jek yz­la­ry gal­dyr­jak­dy­gy­na men berk ynan­ýa­ryn. Ozal hem aý­dy­şym ýa­ly, me­niň iň il­kin­ji we iň der­wa­ýys ala­dam he­mi­şe adam­lar we ola­ryň bag­ty­ýar ýa­şa­mak­la­ry ha­kyn­da bo­lar”.
Şu ýer­de ýe­ne bir za­dy hem aý­ra­tyn bel­läp geç­mek is­le­ýä­rin, ol hem eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ese­ri­niň dür­li su­rat­lar bi­len be­ze­len­li­gi­dir. Mu­nuň özi be­ýan edil­ýän her bir wa­ka­nyň ýat­da ga­ly­jy­ly­gy­ny, göz öňü­ne ge­tir­me­le­riň jan­ly keş­be eýe bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Türk­me­nis­tan ýur­du­myz bü­tin dün­ýä­de ýe­ras­ty we ýe­rüs­ti baý­lyk­la­ry, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len-de bel­li­dir. Tä­ze ese­riň sa­hy­pa­la­ryn­da ýur­du­myz­da bit­ýän sa­ýa­ly we mi­we­li agaç­lar, ola­ryň yn­san dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­di­gi, Ha­zar deň­zi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, Ga­ra­gum çö­lü­niň geň-ena­ýy baý­lyk­la­ry dog­ru­syn­da hem gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär.
Umu­man aý­da­ny­myz­da, eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ese­ri her bir oky­jy üçin gym­ma­ty eg­sil­me­jek sow­gat.
Goý, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­le­ri­ni, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ösü­şi­ni, äh­li ul­gam­lar­da ga­za­nyl­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri, hal­ky­my­zyň ýe­ten be­lent de­re­je­le­ri­ni giň­den wasp ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!
Zarina LALAKOWA,  TYA-nyň Taryh institutynyň aspiranty.