Tomusky dynç alyş diýlende, ilki bilen deňiz kenary, Günüň batyşynyň ajaýyp gözelligi, ak çäge, tolkunlaryň rahatlandyryjy sesi we deňiz kenarynyň arassa howasynda gezelenç etmek göz öňüňde janlanýar. Ýer ýüzünde syýahatçylary özüne çekýän müňlerçe deňiz kenary bar. Her ýylda syýahatçylyk möwsüminiň başlamagy bilen hünärmenler owadan tebigatly deňizleriň sanawyny taýýarlaýarlar. Geliň, olaryň käbirine göz aýlalyň:
Gyzyl deňiz. Bu deňiz arassalygy bilen syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýeriň arassa bolmagynyň sebäbi deňze palçyk we gyrmança getirip biljek ýekeje derýanyň hem akmazlygydyr. Şeýle hem Gyzyl deňiz iň yssy we duzly deňizleriň biridir. Deňziň ady hem tötänleýin bolman, ol suwunyň adaty bolmadyk gyzyl reňki bilen tapawutlanýar. Bu deňziň ýene-de bir ähmiýetli tarapy haýwanat dünýäsine baý bolmagydyr. Deňizde üç müňden gowrak balyk, üç ýüz merjen görnüşi we müňlerçe beýleki deňiz jandarlary ýaşaýar. Bu bolsa diňe deňiz kenaryny däl, eýsem, suwa çümmegi halaýan jahankeşdeleri hem özüne çekýär.
Karib deňzi. Dünýädäki iň uly deňizleriň biri (meýdany 2 million 754 müň inedördül kilometr) bolan Karib deňzi Günbatar ýarym şarda ýerleşýär. Atlantik ummanyndaky Karib adalarynda ilatyň seýrek bolmagy bu ýerde diňe deňiz kenarynda däl, eýsem, gury ýerde hem ajaýyp tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär. Uludygyna we çuňdugyna garamazdan, (iň çuň nokady 7886 metr) ajaýyp merjen gaýalarynyň dokuz göterimi bu deňizde ýerleşýär. Syýahatçylaryň köpüsi bu ýere suwuň aşagyndaky tebigy gözelligi görmäge gelýärler.
Andaman deňzi. Bu deňiz dünýäniň iň yssy ýerlerinden biridir. Andaman deňziniň suwy ýylyň dowamynda 28 derejeden sowuk bolmaýar. Ýaz paslynda bu ýerdäki suwuň temperaturasy 30 derejeden ýokarydyr. Andaman deňzi Hindi ummanyna degişli bolup, meýdany 605 müň inedördül metre barabardyr. Ortaça çuňlugy müň metrden gowrak. Deňizdäki duzuň mukdary Ýuwaş ummanyna garanyňda pesdir. Şeýle hem Andaman deňziniň düýbi arassa ak çäge we bejeriş toýunlary bilen örtülendir. Mundan başga-da, bu deňizde meşhur Irawadi delfinleri ýaşaýar. Täsin deňiz jandary kitlere örän meňzeş bolup, agzyndan suw sepip bilýär.
Filippin deňzi. Bu deňziň meýdany 5 million 726 müň inedördül kilometre deňdir. Deňiz diňe bir ululygy bilen çäklenmän, eýsem, çuňlugy bilen hem tapawutlanýar. Dünýäniň iň çuň ýeri (11 müň metre golaý) hasaplanýan Mariana çöketligi hem bu deňizde ýerleşýär. Mundan başga-da, deňziň aşagynda beýikligi 3 kilometre golaý bolan uly wulkan depelerini görmek bolýar. Filippin adalarynda ýylyň alty aýynda hemişe diýen ýaly ýagyş ýagýar. Filippin adalarynda dynç almak üçin iň amatly döwür güýzüň ahyryndan baharyň ortalaryna çenli dowam edýär.