Çarşenbede ýalan sözläniň
penşenbede ýüzi gyzarar
Ata-babalarymyzyň adam häsiýeti bilen baglanyşykly döreden bu nakylynda «ýalan sözlemezlik» barada gürrüň edilýär. Aslynda, ýalan näme? Ýalan düýbünden bolmadyk, bähbit üçin toslanyp tapylan söz toplumydyr. Ýalançylyk adamlaryň arasyndaky ynamy gaçyrýan hem-de abraýdan düşürýän, köpçülik tarapyndan halanylmaýan häsiýetdir.
Nakylda çarşenbe güni ýalan sözlän adamyň penşenbe güni ýüzüniň gyzarjakdygy aýdylýar. Penşenbe çarşenbäniň yzýany gelýän gün, arasynda bir gün hem ýok. Şeýle diýmek bilen nakylda ýalanyň ýüze çykmagynyň uzaga çekmejekdigi, aýbynyň gysga wagtda açyljakdygy, dogry zadyň äşgär boljakdygy aýdylýar. Nakylda beýan edilişine görä, ýalan sözläniň iň agyr jezasy hem köpçüligiň öňünde aýbynyň açylyp, ýüzüniň gyzarmagydyr. Türkmen diliniň sözlüginde: «Ýüzi gyzarmak» durnukly söz düzümine «utanmak» diýlip düşündiriş berilýär. Nakylyň umumy manysyny jemlänimizde, ýalan sözlemegiň erbet häsiýetdigi, ony endik edinmeli däldigi, ýalan sözüň ýakyn wagtda üstüniň açylýandygy we ýalan sözüň abraý getirmän, köpçüligiň ynamyndan gaçyrýandygy hem-de ýüzüňi aşak saldyrýandygy beýan edilýär. Ata-babalarymyz dogruçyllyk we ýalan sözlülik barada başga-da birnäçe pähimleri döredipdirler. Bu sözler biz üçin terbiýeçilik mekdebidir. Ine, olaryň käbiri:
Ýalanyň aýagy gysga.
Süýji ýalandan ajy çyn ýagşy.
Ýalan sözläp nep görenden,
dogry sözläp zyýan çek.