Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Kanuna gol cekdi.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen:
1-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.
2-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.