Şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon satuwy görnetin ýokarlandy. “Gartner” analitik şereketiniň maglumatlaryna görä, ýylyň ilkinji üç aýynda telefon satuwy 26 göterim ýokarlandy. Geçen ýyl dünýäde emele gelen pandemiýa smartfon önümçilik pudagyna oňaýsyz täsir edipdi. Geçirilen barlaglara görä, ýylyň birinji çärýeginde bu pudakda ösüş hasaba alyndy. Degişli döwürde umumy telefon satuwy (ýönekeý el telefonlaryny hem hasaba alanyňda) 22 göterim ýokarlandy. Şereketiň tejribeli bilermeni Anşul Gupta müşderileriň dünýägaraýşynyň üýtgemeginiň, ulanyjylaryň yzygiderli öwrenmek isleginiň, öýden işlemegiň we geçen ýyl emele gelen islegiň şu ýylyň başynda has köp smartfon satylmagyna sebäp bolandygyny mälim etdi.
Muňa garamazdan, bilermenler 26 göterimlik artyşyň geçen ýyl bilen deňeşdirilendiki görkezijidigine, jemi satuwy hasaba alanyňda, bu görkezijiniň 2019-njy ýyldakydan pesdigine ünsi çekýärler. Şeýle-de bolsa, pudagyň dikelýändigini görmek bolýar. Telefon satuwynda ýylyň birinji çärýeginde ilkinji üç kompaniýanyň saklanyp galandygyny görmek bolýar. Sanawyň başynda degişlilikde, “Samsung”, “Apple” we “Xiaomi” bar. “Samsung”, esasan, “orta derejeli” telefon satuwy bilen öňe saýlanypdyr. Ilkinji üçlükdäki kompaniýalar üýtgemedik hem bolsa, olaryň öz aralarynda tertibi üýtgedi. “Apple” 2020-nji ýyly soňky çärýeginde birinji bolan hem bolsa, soňky sanawda ikinji orna düşüpdir. “Apple”-iň 5G-li modelleri öndürmeginiň 2021-nji ýylda satuwyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini bellenilýär.
Sanawyň ilkinji bäşligini Hytaýyň “Oppo” we “Vivo” kompaniýalary jemleýär. Ýene bir bellemeli zat, “Huawei” we LG kompaniýalarynyň satuwynyň azalmagy bilen ilkinji bäşlige giren öndürijileriň satuwyny artdyrandygyny görmek bolýar. Bilermenler häzirki wagtda, esasan, awtoulag senagatynda ýüze çykan ýarymgeçiriji ýetmezçiliginiň smartfon önümçiligine täsir etmändigini belleýärler.