Futbol boýunça 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyry Aziýa yklymynda dowam edýär. Yklymyň 2-nji saýlama tapgyrynyň wagty süýşürilen oýunlarynda “E” toparçada Hindistanyň ýygyndysy myhmançylykda Bangladeşiň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňdi. Hindistanlylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de toparyň ýyldyz hüjümçisi Sunil Çetri öz adyna ýazdyrdy. Bu onuň milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen geçiren 73-74-nji gollary boldy. Şunlukda, ol häzirki wagtda karýerasy dowam edýän futbolçylaryň arasynda milli ýygyndyda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda argentinaly super ýyldyz Lionel Messiden (72 gol) hem-de katarly Ali Mabhutdan (73 gol) öňe geçip, 2-nji orna beýgeldi.  36 ýaşyndaky hüjümçi bu ugurda 103 gol bolan Kristiano Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýar. Çetri umumylykda milli toparda iň köp gol geçiren 10-njy futbolçydyr.