Her ýy­lyň 8-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä um­man­lar gü­ni hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Şol gün um­man­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan dür­li mas­la­hat­lar we çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Hü­när­men­ler Ýe­riň at­mos­fe­ra­syn­da­ky kis­lo­ro­dyň 80 gö­te­ri­mi­ni deň­iz­dir um­man­la­ryň bö­lüp çy­kar­ýan­dy­gy­ny, azyk önüm­le­ri­niň ag­ram­ly bö­le­gi­niň de­ňiz­ler­den alyn­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Em­ma hä­zir­ki wagt­da um­man­la­ryň su­wu­nyň ýy­la­ma­gy onuň ekoul­ga­my­na oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin 2030-njy ýy­la çen­li um­man­la­ryň 30 gö­te­ri­mi­niň go­rag as­ty­na alyn­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Um­man­lar gü­nü­niň bu ýyl­ky şy­ga­ry «Um­man­lar: ýa­şa­ýyş we gü­ze­ran» diý­lip bel­le­ni­lip­dir. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky Gur­şaw Mak­sat­na­ma­sy­nyň, Te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak ge­ňe­şi­niň (NRDC) hem-de bu ugur­da iş alyp bar­ýan alym­la­ryň taý­ýar­lan mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, mer­jen rif­le­ri­niň ýok bol­ma­gy ho­wa­nyň dü­zü­min­dä­ki kis­lo­ro­dyň muk­da­ry­ny azal­dar. Bu ýag­daý ba­lyk­la­ryň we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň sa­ny­ny we gör­nü­şi­ni hem azal­dar. Ýer ýü­zün­dä­ki to­kaý­la­ryň ho­wa­nyň aras­sa­lan­ma­gyn­da we kis­lo­ro­dyň bö­lü­nip çy­ka­ryl­ma­gyn­da äh­mi­ýe­ti uly bol­sa-da, kis­lo­ro­dyň esa­sy çeş­me­si de­ňiz­ler ha­sap­lan­ýar. Ýer ýü­zü­niň üç­den iki bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýän um­man­lar­da­ky we de­ňiz­ler­dä­ki su­wo­tu­lar at­mos­fe­ra­ny kis­lo­rod bi­len üp­jün ed­ýär. Su­wo­tu­la­ryň bö­lüp çy­kar­ýan kis­lo­ro­dy de­ňiz jan­dar­la­ry üçin iý­mit we ýa­şa­ma­gy üçin ýer bo­lup dur­ýar. De­ňiz­ler­dä­ki mer­jen rif­le­ri bol­sa Ýer ýü­zün­dä­ki kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­dir­ýär. Dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we hö­kü­met­ler daş­ky gur­şa­wyň, şol san­da deň­iz­dir um­man­la­ryň te­bi­ga­ty­nyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy üçin dür­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler.