En­tek bir­nä­çe çeş­me­de gör­ke­zil­me­ýän hem bol­sa, alym­lar bä­şin­ji um­ma­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Gü­nor­ta um­ma­ny An­tark­ti­ka­nyň daş-tö­we­re­gi­ni öz içi­ne al­ýar. Alym­lar bu ýe­riň hem aý­ra­tyn um­man­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Dün­ýä­niň yg­ty­bar­ly yl­my ne­şir­le­ri­niň bi­ri bo­lan «Na­tio­nal Ge­og­rap­hic» hem bu ýe­ri bä­şin­ji um­man hök­mün­de ka­bul et­di. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ýer ýü­zün­de dört um­ma­nyň (Hin­di um­ma­ny, Ýu­waş um­ma­ny, At­lan­tik um­ma­ny we De­mir­ga­zyk buz­ly um­ma­ny) bar­dy­gy ha­sap edil­di. Yl­myň ös­me­gi, te­bi­ga­tyň has iç­gin öw­re­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de alym­lar Ýe­riň gü­nor­ta pol­ýu­sy­nyň daş-tö­we­re­gi­ni hem aý­ra­tyn um­man hök­mün­de ka­bul edip baş­la­dy­lar. Yl­my ne­şir­de bä­şin­ji um­ma­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan gör­ne­tin ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu um­ma­nyň esa­sy ta­pa­wu­dy bol­sa de­mir­ga­zy­gyn­da­ky um­man­lar­dan has güýç­li aky­my­nyň bol­ma­gy­dyr. Gün­ba­tar­dan gün­do­ga­ra ta­rap ak­ýan bu akym An­tark­ti­ka­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Bu ýe­riň su­wu­nyň dü­zü­min­de du­zuň muk­da­ry az we so­wuk. Bi­ler­men­ler bu ýe­riň aý­ra­tyn um­man ha­sap edil­me­gi­niň dün­ýä­de ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­ne gar­şy gö­reş­de peý­da­ly bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Ta­wus Ma­me­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.