Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Mançester Siti” topary 7-nji tapgyrda-da ýeňiş gazandy. Öz meýdançasynda kynlyk bilenem bolsa Ipswiç toparyndan 3-2 hasabynda çykan şäherlileriň gollaryny Foden hem-de Holann geçirdi. Toparyň tälimçisi Enzo Mareska “Premier Liganyň” taryhynda ilkinji 7 duşuşygynda ýeňiş gazanan ilkinji tälimçi diýlip hasaba alyndy.
Çempion “Arsenal” myhmançylykda “Nottingam Foresti” Maduekeniň 80-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy.
“Çelsi” myhmançylykda “Ewertony” Pedru Netunyň 46-njy hem-de 90-njy minutda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy. “Ewerton” şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
“Brentford” hem şu möwsümde ilkinji gezek ýeňildi. “Liwerpul” toparyny kabul eden “Brentford” güýçli garşydaşynda 2-1 hasabynda asgyn geldi. Lýuwis-Potteriň goly bilen öňe geçen “Brentfordyň” derwezesinden “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary Munios bilen Isak geçirdi. “Brentforda” Ýarmolýuk (45+8) bilen Ýanelt (90+2) gyzyl kart aldy.
“Braýton” öz meýdançasynda “Kristal Palasyň” derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi.
“Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Lids” bilen deňme-deň oýnap, ýeňlişsiz seriýasyny dowam etdirdi.
Ewerton – Çelsi: 0-2 (Pedru Netu 46, 90),
Brentford – Liwerpul: 1-2 (Lýuwis-Potter 44 – Munios 62, Isak 70),
Man. Siti – Ipswiç: 3-2 (Foden 19, Holann 34, 69 – Maeda 21, Flemming 90 p),
Fulham – Hall Siti: 1-0 (Iwobi 33), Nýukasl – Aston Willa: 0-1 (Manzambi 36),
Bornmut – Sanderland: 2-0 (Tawernie 6, Ewanilson 48),
Braýton – K. Palas: 5-0 (Kanwo 4 ö.d., Gomes 7, Aýari 10, Kostulas 49, Hinşelwud 84),
Lids – M. Ýunaýted: 1-1 (Kalwert-Lýuwin 51 – Mbemo 35),
N. Forest – Arsenal: 0-1 (Madueke 80),
Tottenham – Kowentri (şu gije)
PDF








