Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym-bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ylmyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy-barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi ugrunda netijeli işler ýola goýuldy.
Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk ylmyň has ýokary derejelere ýetýändigini alamatlandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýip belleýär. Milli Liderimiziň ýaş alymlary goldamak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýaş alymlar wajyp ugurlar boýunça ylmy-barlag, gözleg-taslama işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Bu işde sanlylaşdyrylan serişdelerden giňden peýdalanylýar. Olar arkaly ýaşlar alan bilimlerini we ylmy başlangyçlaryny düýpli özleşdirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine gönükdirilen taslamalary işläp düzýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar.
Türkmen topragy ylym-bilimiň ojagydyr. Taryhy maglumatlara ser salanymyzda, gadymy türkmen topragynda Orta asyrlarda hem Gündogaryň görnükli alymlary – Muhammet al Horezmi, Abu Aly ibn Sina, Nyzamyl Mülk, Abu Reýhan Biruny, Al Jürjany, As Samany, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet Gazaly ýaly dünýä ylmynda şöhratly yz galdyran akyldarlar Nusaýda, Ürgençde, Merwde ýaşap, gyzyldan gymmatly eserleri ýazyp, ylmy açyşlary edipdirler. Häzirki wagtda olaryň döredip giden eserleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiz tarapyndan uly serişdeler goýberilip täzeden neşir edilýär, öwrenilýär.
Aşgabat – Aziýanyň merjen şäheri, ýurdumyzyň ylym-bilim merkezi. Ylmy-innowasion tehnologiýalar babatda halkara derejesinde maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabatda soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň ulanmaga berilmegi bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýaly möhüm resminamalaryň kabul edilmegi ylym-bilim ulgamyny täze ösüşlere itergi berýär.
Hojanepes KOŞJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.