Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän gök ekinlerden doly bolýar. Tomus pasly, esasan hem, gawundyr garpyzyň bol bolýan döwrüdir. Ine, häzirki wagtda-da bazarlarymyzda garpyzlar halkymyza eýleterli edildi.
Iň oňat serginlediji gök önüm bolmak bilen garpyz tomus möwsüminiň iň halanýan önümidir. Garpyz diňe bir suwsuzlygy gandyrman, eýsem, saglyga peýdasy bilen hem tapawutlanýar.
Käbir adamlar bu lezzetli önümde diňe suw we şeker bar diýip pikir etseler-de, garpyz ýokumly maddalara baý we köp witaminleri hem özünde jemleýär. Ajaýyp tagamy bilen garpyz köp derdiň dermanydyr. Şeýle hem bu önüm horlanmak isleýänler üçin hem peýdalydyr.
Garpyz ajaýyp tomus önümi bolup, düzüminiň 92 göterimi suw bolandygy üçin islän wagtyň iýmek bolar. Garpyz adamyň dürli kesellere garşy göreşijilik ukyby üçin zerur bolan C witaminine baý bolup, bedenimizi goraýar we dürli kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Şeýle hem gapyzyň düzümindäki C witamini we suw düzümi ýaralaryň çalt bitmegine oňyn täsir edýär.
Mundan başga-da, garpyz süňkleriň sagdynlygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Garpyz bedende kalsiniň saklanmagyna kömek edýän, süňkleriň we bogunlaryň sagdyn bolmagyny üpjün edýän kaliýe baýdyr.
Bulardan başga-da, ýürek, damar, göz üçin hem peýdaly aýratynlyklara eýe bolan garpyz böwrekleri goramaga hem kömek edýär.
Dürli witaminlere we minerallara baý bolan garpyzyň 100 gramy bedenimizi 120 mg kaliý, 11 mg magniý, 7 mg kalsiý, 5,5 mg fosfor, 0,3 mg demir we 0,1 mg sink bilen baýlaşdyrýar.
Umuman, dürli miwedir gök önümlere baý bolan sahawatly türkmen topragy adam saglygyna baý önümleri özünde jemleýär. Garpyz – kädiler maşgalasyna degişli birýyllyk ösümlik bolup, onuň baldagy 2-3 metre çenli uzap, miwesi togalak, daşy ýylmanak, eti bolsa gülgüne ýa-da gyzyl bolýar. Garpyz has irki döwürlerden bäri halk tebipçiliginde saglygy berkitmek, kesel bejermek maksady bilen ulanylyp gelnipdir. Onuň watany Afrika hasaplanylýar. Lukmançylyk ylmy tarapyndan hem garpyzyň saglyga täsiri öwrenilendir. Onuň düzüminde bedende ýeňil özleşýän uglewodlar, С, PP we В ýokumlary, magniý, kaliý, demir ýaly adama zerur bolan maddalar bar. Ýürek, gan damar kesellilere, böwrek agyrysyndan ejir çekýänlere garpyzy köpräk iýmek maslahat berilýär.
Jeýhun GELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.