Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, täze eksport ugurly pudaklaryň döredilmegi, hususy pudagyň döwrebap derejede ösdürilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti özüniň durnukly ösüş depginini saklap galýar.
Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda durnukly makroykdysady görkezijileri üpjün etmek ugrunda giňden tagalla edilýär. Bu hem ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň oňyn ösmegine goşant goşýar. Muňa şu ýylyň 5 aýyndaky ykdysady netijeler hem aýdyň subutnama bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde şu ýylyň bäş aýynda gazanylan netijeler barada berlen hasabatlar hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýedigini görkezýär. Bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň 6,1 göterim artmagy, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 5,3 göterim ýokarlanmagy milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine hususy pudagyň wekilleri hem uly goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhana-agzalarynyň şu ýylyň bäş aýyndaky dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 göterim ýokarlandy. 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda hususy pudakda senagat önümçiligi 6,6 göterim, oba hojalyk önümçiligi bolsa 26 göterim ýokarlandy. Ýanwar-maý aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 24 sany iri desgany işe girizdi. Bu taslamalaryň halk hojalygynyň hususy pudagynda durmuşa geçirilmeginiň netijesinde şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin 600-e golaý täze iş orny döredildi.
Umuman, TSTB-niň agzalary tarapyndan dürli döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 362 taslama durmuşa geçirildi. Importy azaltmaga ýardam edýän we ýokary goşmaça bahasy bolan içerki önümleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýän ýüzlerçe döwrebap kärhanalar esaslandyrylýar.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun berilýär. Olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy babatda hem hemişe tagalla edilýär. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kiçi we orta telekeçilige, aýratyn-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe we maddy-enjamlaýyn taýdan ýardam bermegi göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belläp geçdi.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Begenç ATAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.