Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

“Liwerpul” bilen şertnamasy tamamlanan niderland futbolçy Jorjinio Weýnaldum Fransiýanyň PSŽ toparynyň düzümine goşuldy. 30 ýaşyndaky ýarymgoragçynyň “Barselona” bilen hem içgin gyzyklanýardy we tasdanam katalonlar ony transfer edipdi. Weýnaldum parižliler bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Karýerasy boýunça “Feýenoord”, PSW, “Nýukasl” toparlarynda oýnan Weýnaldum 2016-njy ýylda “Liwerpula” transfer bolupdy. Iňlis klubunda ol “Premier Ligada”, Çempionlar ligasynda çempionlyk gazandy.