Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Munuň esasy sebäbi, köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde, uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirmek bolar. Ilkinji nobatda, sanly ykdysadyýet näme? Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdireniňde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimleriň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady ýagdaýlar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurdygyna dogry düşünilmeginiň özi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täze innowasion tapgyryna geçilmegini üpjün edýär. Bu ugruň ösmegi üçin döwlet-jemgyýet-ylym-işewürlik gatnaşyklarynda düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir.

Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy halkyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berýär.

Nurgözel MYRDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.