Gruziýanyň Garadeňziň kenaryndaky Batumi şäheriniň deňiz portunda Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda öndürilen granulirlenen karbamidleri daşamak üçin mineral dökünleri geçirýän multimodal terminal açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Report saýty habar berýär.
Saýt Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda ýylda jemi 6,6 million tonna dökün öndürilýändigini belleýär. Habarda Türkmenistanda Hazar deňziniň günorta böleginde golaýda işe girizilen dökünleri öndürýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň ýylda 1,2 millon tonna golaý karbamid çykarýandygy, onuň 90% -den gowragynyň eksport edilýändigi nygtalýar.
Batumi portunyň täze terminalynyň ýylda 1,5 million tonna mineral dökünleri gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýada öndürilýän önümler Azerbaýjanyň üsti bilen Batumä getirilip, ol ýerdenem ABŞ-daky, Ýewropadaky, Afrikadaky we Awstraliýadaky sarp edijilere ugradylýar.