Düýn – 16-njy iýunda Ženewada geçirilen Russiýa we ABŞ sammitine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden “Konstruktiw” we “hakykata esaslanýan” diýip, baha berdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikler dört sagat dowam etdi. Gepleşiklerde Prezidentler diplomatik gatnaşyklardan başlap, strategik durnuklylyga çenli köp sanly meselelerde geňeşmeleriň başlamagy barada ylalaşdylar. Liderler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmagyň geljegini bellediler.
– Biziň garaýyşlarymyz köp babatda tapawutlanýar. Meniň pikirimçe, iki tarap hem birek-birege düşünmegiň we garaýyşlaryny birleşdirmegiň ýollaryny gözlemek islegini görkezdi. Gepleşik diýseň oňyn boldy – diýip, Wladimir Putin belledi.
Jozef Baýdeniň pikiriçe, duşuşygyň köp bölegi kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlandy. Prezident Beýden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýanyň kibergiňişlikdäki hereketleriniň aýdyň ýörelgelerini ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy. – Sammitiň anyk netijeleri barada aýdylanda bolsa, üç aýdan alty aýa çenli garaşmaly bolarys – diýip Baýden belledi.
“Russiýa we ABŞ ýakyn wagtda strategik durnuklylyk barada giňişleýin ikitaraplaýyn gepleşiklere başlar. Şeýle gepleşik arkaly geljekde wehimleri azaltmak üçin esas goýmaga çalyşýarys”. Bu barada Russiýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentleriniň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.