17-nji iýun çölleşmä we gurakçylyga garşy Bütindünýä göreş günüdir. 25 ýyl mundan öň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Bu sene dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy-barlag merkezleri tarapyndan bellenilip geçilýär, çölleşmä garaş göreş barada maglumatlar ýaýradylýar, dürli çäreler geçirilýär. Çölleşmä garşy göreşmegiň çäklerinde zaýalanan ýeleriň gaýtadan dikeldilmegi üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ýagdaý ykdysady taýdan peýdaly bolup, täze iş orunlaryny döreder, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, biodürlüligiň gowulanmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyz 1996-njy ýylda ilkinjileriň biri bolup BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Bir ýyldan soň ýurdumyzda amala aşyrylmaly işleriň Milli maksatnamasy kabul edildi. Ol öri meýdanlarynyň oýlanyşykly ulanylmagynyň esasy jähtlerini, tokaý hojalygyny ösdürmegi, ürgün çägäni berkitmegi we tokaýlaşdyrmany, suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulaşdyrmagy, amaly ekologik derňewleri geçirmegi göz öňünde tutýardy. Geçen ýyllaryň dowamynda milli kanunçylyk şu babatda zerur bolan hukuk namalary bilen berkidildi.

Soňky döwürlerde Türkmenistanda çölleşmä garşy göreş we tokaý Maksatnamasynyň çäklerinde 100 müň gektardan gowrak ýere agaç ekildi. “Altyn asyr “ Türkmen kölüniň gurluşygy tebigaty goramak maksatlaryna ýardam edýär. Kölüň daşyny dürli ösümlikler gurşap alýar. Bu bolsa haýwanlaryň we guşlaryň dürli görnüşleriniň amatly şertlerde köpelmegine ýardam edýär.

Alymlar çöldäki öri ýerleriniň suw üpjünçiligini dikeltmek, gowulaşdyrmak, şeýle hem ýabany haýwanlary köpeltmek üçin amatly şertleri döretmek ugrunda tagalla edýärler.