Teh­no­lo­gi­ýa­nyň çalt dep­gin­ler­de ös­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, «akyl­ly» en­jam­la­ry äh­li ugur­lar­da gör­mek bol­ýar. Ine, ola­ryň bi­ri hem ro­bot ba­lyk­lar­dyr. Hy­ta­ýyň Çžesz­ýan uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry um­ma­nyň gur­şa­wy­ny has go­wy syn­la­mak üçin ýum­şak ro­bot ba­ly­gy iş­läp düz­dü­ler. Ro­bot ba­lyk Ýer ýü­zü­niň iň çuň ýe­rine – 11 ki­lo­met­re go­laý bo­lan Ma­ria­na çö­ket­li­gi­ne ba­rar. «Akyl­ly» ba­ly­gyň uzyn­ly­gy 22 san­ti­metr, ýüzgüji 28 san­ti­metr bo­lup, ulu­ly­gy tak­my­nan «A4» ka­gyz ýa­ly­dyr. Ol um­ma­nyň çuň­lugyn­da ýa­şa­ýan ba­lyk­gu­lak­la­ra meň­zeş edi­lip ýa­sa­lyp, um­man­la­ryň has çuň ýer­le­rin­dä­ki ýo­ka­ry ba­sy­şa çy­dam­ly­dyr. Hy­taý­ly alym­lar bu ba­lyk ro­bo­ty­ny um­man­la­ryň çuň­lugyn­da­ky te­bi­ga­ty­ny öw­ren­mek üçin ýa­sa­dy­lar. Bu bol­sa gel­jek­de um­man teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge kö­mek eder.

Rus­lan NUR­ÝAG­DY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.