Eýranda Prezident saýlawlaryna ses berişlik ýerli wagt bilen sagat 07:00-da başlandy. Saýlaw güni Yslam Respublikasynyň çäginde takmynan, 66,8 müň saýlaw uçastogy açyldy. Eýranyň raýatlary dünýäniň beýleki 133 ýurdunda açylan 234 saýlaw uçastogynda hem ses berip bilerler. Saýlawlara gatnaşmaga hukukly eýranlylaryň umumy sany 52,31 million.
Eýranyň ruhany lideri Ali Hameneýi ýurtdaky Prezident saýlawlarynda ses berip, ýurduň raýatlaryny ses bermäge çagyrdy.
– Biz ýurduň raýatlaryny saýlawlara gatnaşmaga çagyrýarys, sebäbi bu ýurduň halkynyň bähbidine – diýip, ol belledi. Syýasatçy Tährandaky Ymam Ruhollah Homeýniniň aramgähiniň golaýynda ýerleşýän saýlaw uçastogynda ses berdi.
Çarşenbe güni Kum şäheriniň deputaty Alireza Zakani, öňki wise-prezident Mohsen Mehralizade we Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň öňki sekretary Said Jalili Prezident saýlawlaryndan dalaşgärligini aýyrýandyklaryny mälim etdiler.
Kabul edilýän kararlaryň maksada laýyklygy boýunça geňeşiň sekretary Mohsen Rezai, Ýokary Kazyýetiň baş kazysy Ebrahim Raisi, Mejlisiň başlygynyň orunbasary Amir Huseýin Kazizade Haşemi we Merkezi bankyň öňki başlygy Abdolnaser Hemmati saýlawlara gatnaşmagyny dowam etdirýärler.
Eýranyň häzirki Prezidenti Hasan Ruhaniniň yzly-yzyna iki möhlet eýeläp gelýändigi üçin öz dalaşgärligini hödürlemäge hukugy ýok.