Ýaponiýada äpet heýkeliniň ýüzüne ýörite ýasalan örtük dakyldy. Fukusima prefekturasyndaky Hokokudzi Aýz Besuin ybadathanasyndaky heýkeliň beýikligi 57 metre barabar. Dört adam agramy 35 kilograma barabar bolan maskany üç sagatda ak heýkele dakdylar. 33 ýyl ozal ýasalan heýkeliň eginlerine içindäki spiral basgançak bilen baryp bolýar. Ybadathananyň müdiri Takaomi Horigane Ýaponiýadaky COVID-19 pandemiýasy gözegçilik astynda alynýança heýkeldäki örtügiň saklanjakdygyny aýtdy.